Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ
K A R A R Y
Mary oblastynyň Sakarçäge raýonynyň Gumgüzer oba Sowetini döretmek hakynda
(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 9-10, 114-madda)
Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:
Mary oblastynyň Sakarçäge raýonynda merkezi Gurultaý posýolagynda bolan Gumgüzer oba Sowetini döredip, şol raýonyň Gurultaý, Ýaş kommunist, Garybata, Dörtguýy ilatly punktlaryny, Hakykat oba Sowetiniň 68-nji we 69-njy demir ýol razýezdlerini Gumgüzer oba Sowetiniň sostawyna bermeli.
2. Şu täze döredilen oba Sowetiniň territoriýasynda ýerleşen saýlaw okruglary boýunça saýlanan deputatlardan ybarat edip, Gumgüzer oba Sowetinde halk deputatlarynyň oba Sowetini döretmeli.
3. Halk deputatlarynyň Hakykat oba Sowetiniň bellenen normatiwdan az sandan işlemegine kadadan çykma hökmünde rugsat etmeli.
Türkmenistan SSR
Ýokary Sowetiniň Başlygy S. Myradow
Aşgabat şäheri
1991-nji ýylyň 30-njy maýy
№ 515 - XII