Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çärjew oblastynyň halk deputatlarynyň Çärjew şäher Sowetiniň Farap - pristan posýologyny Jeýhun posýology diýip atlandyrmak hakynda

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ 

 K A R A R Y

 

Çärjew oblastynyň halk deputatlarynyň Çärjew şäher 

Sowetiniň Farap - pristan posýologyny Jeýhun posýology 

diýip atlandyrmak hakynda

 

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 9-10, 115-madda)

 

Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:

1. Çärjew oblastynyň halk deputatlarynyň Çärjew şäher Sowetiniň Farap - pristan posýologyny Jeýhun posýology diýip atlandyrmaly.

2. Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1987-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul eden № 820 - XI Ukazy (TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1987 ý., №14, 65-nji madda) bilen tassyklanan Türkmenistan SSR-niň posýolaklarynyň Spisogyna degişli üýtgetmeler girizmeli.

 

             Türkmenistan SSR 

        Ýokary Sowetiniň Başlygy                                      S. Myradow 

 

Aşgabat şäheri

1991-nji ýylyň 30-njy maýy 

№ 516 - XII