Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Aşgabat raýonynda Köpetdag, Kaka raýonynda Gozgan oba Sowetlerini döretmek hakynda

TÜRKMENISTAN ÝOKARY SOWETINIŇ 

 K A R A R Y

 

Aşgabat raýonynda Köpetdag, Kaka raýonynda Gozgan oba Sowetlerini döretmek hakynda

 

(Türkmenistan Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 16, 181 mad.)

 

Türkmenistanyň Ýokary Soweti karar edýär:

 

  1. Aşgabat raýonynda merkezi Leningrad posýologynda bolan Köpetdag oba Sowetini döretmeli. Garadamak oba Sowetiniň Birinji maý posýologyny, radiostansiýanyň, “Köpetdag” döwlet gorughanasynyň /zapowedniginiň/ ilatly punktlaryny we “Leningrad” kolhozynyň territoriýasyny, şol sanda 1987-nji ýyldan bäri Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşen territoriýasyny Köpetdag oba Sowetiniň sostawyna bermeli.
  2. Kaka raýonynda Tahyrow adyndaky oba Sowetini kiçeltmegiň hasabyna, “Kommunizm” kolhozynyň peýdalanýan ýerleriniň çäklerinde Gozgan oba Sowetini döredip, Gozgan posýologyny bu oba Sowetiniň merkezi edip bellemeli.
  3. Köpetdag we Gozgan oba Sowetlerinde şolaryň territoriýasynda ýerleşen saýlaw okruglary boýunça saýlanan deputatlardan ybarat halk deputatlarynyň oba Sowetlerini döretmeli.
  4. Halk deputatlarynyň Köpetdag we Gozgan oba Sowetleriniň bellenen iň pes normadan az sanda işlemegine kadadan çykma hökmünde ygtyýar bermeli.

 

 

Türkmenistan Ýokary

 Sowetiniň Başlygy                                                      S. Myradow 

 

Aşgabat şäheri 

1991-nji ýyl,  13-nji noýabr 

№ 608- XII