Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Halk deputatlarynyň Köneürgenç raýon we şäher, Tejen raýon we şäher Sowetlerini, olaryň ýerine ýetiriji hem-de serenjam beriji organlaryny birleşdirmek hakynda

TÜRKMENISTAN ÝOKARY SOWETINIŇ PREZIDIUMYNYŇ

 K A R A R Y

 

Halk deputatlarynyň Köneürgenç raýon we şäher, Tejen raýon we şäher Sowetlerini, olaryň ýerine ýetiriji hem-de serenjam beriji organlaryny birleşdirmek hakynda

 

(Türkmenistan Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 16, 185 mad.)

 

Sosial-ykdysady ösüşi dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak we bazar gatnaşygyna geçilýän şertlerde dolandyryş apparatyny saklamak üçin edilýän çykdajylary azaltmak maksady bilen, Türkmenistan Ýokary Sowetiniň Prezidiumy karar edýär:

  1. Halk deputatlarynyň Köneürgenç raýon we Köneürgenç şäher Sowetlerini, halk deputatlarynyň Tejen raýon we Tejen şäher Sowetlerini birleşdirmek hakynda halk deputatlarynyň Daşhowuz oblast, Tejen raýon we şäher Sowetleriniň tekliplerini kabul etmeli.
  2. Şu Kararyň 1-nji punktunda görkezilen halk deputatlarynyň Sowetlerine halk deputatlarynyň birleşdirilen raýon we şäher Sowetleriniň başlyklaryny saýlamak, Sowetleriň ýeke-täk prezidiumlaryny, ispolnitel komitetlerini hem-de olaryň serenjam beriji organlaryny döretmek üçin bir aý möhlet içinde bilelikdäki sessiýalary geçirmegi maslahat bermeli.

 

 

Türkmenistan Ýokary

 Sowetiniň Başlygy                                                      S. Myradow 

 

Aşgabat şäheri 

1991-nji ýyl,  12-nji noýabr 

№ 575- XII