Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ
K A R A R Y
Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy bilen Özbegistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň arasynda baglaşylan Şertnamany tassyklamak barada
(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 13, 131-madda)
Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:
Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy bilen Özbegistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň arasynda baglaşylyp, 1991-nji ýylyň 21-nji aprelinde Aşgabat şäherinde gol çekilen we Türkmenistan SSR-niň Prezidenti tarapyndan tassyklatmak üçin berlen Şertnamany tassyklamaly.
Türkmenistan SSR
Ýokary Sowetiniň Başlygy S. Myradow
Aşgabat şäheri
1991-nji ýylyň 9-njy awgusty
№ 539- XII