Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmen poeziýasynyň klassigi Magtymgulynyň ýagygärlik günlerini bellemek hakynda

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ

K A R A R Y

 

Türkmen poeziýasynyň klassigi Magtymgulynyň ýagygärlik günlerini bellemek hakynda

 

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990 ý., № 2, 40 - madda)

 

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy  bütin dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna pugta ornaşdy. Şahyryň asyrlardan aşyp gelen şygyrlary özüniň, estetiki gymmaty, belent graždanlyk duýgusy bilen şu gün-gün hem zamanabap ýaňlanýar. Onuň döredijilik mertebesi diňe türkmen halkynyň arasynda däl eýsem beýleki doganlyk halklaryň arasynda hem belent tutulýar.

Şygygyrlary çuňňur millilik ruhuna ýugrulan akyldaryň mirasy internasionaldyr. Özüniň terbiýeçilik güýji bilen ölmez-ýitmez häsiýete eýe bolan ol eserler geljekki nesilleriň çeperçilik isleg-talabyny hemişe kanagatlandyrar.

Beýik türkmen klassygy Magtymguly - Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmek we ony halk arasynda giňden propagandirlemek üýtgedip gurmagyň  häzirki etapynda möhüm wezipeleriň biridir.

Türkmenistan Sowet Sosialstik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar  edýär:

Şahyryň edebi mirasynyň jemgyýetçilik-syýasy, çeperçilik ähmiýetini nazara alyp we onuň ýadygärligini ebedileşdirmek maksady bilen, türkmek poeziýasynyň  beýik klassygy Magtymgulynyň ýadygärlik günlerini bellemeli.

Şol günleri her ýyl maý aýynyň üçünji hepdesiniň şenbe we ýekşenbe günlerinde geçirip, ony Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan poeziýa baýramy diýip yglan etmeli.

 

Türkmenistan SSR 

Ýokary Sowetiniň Başlygy                                       S. Nyýazow

 

Aşgabat şäheri

1990-njy ýylyň 24-nji ýanwary 

№ 21- XII