Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

«Jemgyýetçilik tertibine we graždanlaryň howpsuzlygyna garşy gönükdirilen hereketler üçin jogapkärçiligi güýçlendirmek hakynda» Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Ukazyny ulanmagyň tertibi barada

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ PREZIDIUMYNYŇ

 K A R A R Y

 

«Jemgyýetçilik tertibine we graždanlaryň howpsuzlygyna garşy gönükdirilen hereketler üçin jogapkärçiligi güýçlendirmek hakynda» Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Ukazyny ulanmagyň tertibi barada

 

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990 ý., № 4, 75 - madda)

   

Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumy karar edýär:

1. Jemgyýetçilik tertibine we graždanlaryň howpsuzlygyna garşy gönükdirilen hereketler hakyndaky işlere bir gije-gündiziň dowamynda içeri işler organynyň naçalnigi garaýar diýip düşündirmeli, ol bolsa düzgüni bozuja ýa-ha Ukazyň 1, 2-nji we 3-nji maddalarynda göz öňünde tutulan möçberde jerime salýar ýa-da işi raýon (şäher) halk suduna ýollap, tutulyp saklanan adamy hem şonuň bilen birlikde şol ýere eltýär.

Halk sudýasy jemgyýetçilik tertibine we graždanlaryň howpsuzlygyna gönükdirilen iş suda gelip gowşandan soň oňa şol etmişi eden adamyň gatnaşmagynda, zerur bolan halatlarda bolsa, şaýatlary çagyrmak arkaly bir gije-gündiziň dowamynda bir özi garaýar.

Halk sudýasy jemgyýetçilik tertibine we graždanlaryň howpsuzlygyna garşy gönükdirilen hereketiň edilendigini takyklan soň düzgüni bozujy barada Ukazyň 1, 2, 3-nji maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw temmi çäreleriniň birini ulanýar.

2. Içeri işler organynyň naçalniginiň jerime salmak hakyndaky karary barasynda özi barada karar çykarylan adam tarapyndan, şeýle hem heläkçilik çeken adam tarapyndan on günüň dowamynda ýokarda durýan organa (ýokarda durýan wezipeli adama) ýa-da raýon (şäher) halk suduna şikaýat edilip bilner, şolaryň, çykaran karary gutarnyklydyr. Bellenen möhletde şikaýat edilmegi şol şikaýata garalýança kararyň ýerine ýetirilmegini togtadýar.

Halk sudýasynyň administratiw temmi bermek baradaky karary gutarnyklydyr, ol administratiw hukuk tertibiniň bozulmalary baradaky işleri ýöretmek tertibinde şikaýat edilmäge degişli däldir we ol haýal edilmän ýerine ýetirilýär.

3. Administratiw hukuk tertibiniň bozulmalary barada Ukazda öňünde tutulan işlere içeri işler organynyň naçalnigi bilen birr hatarda içeri işler organynyň naçalniginiň orunbasary hem garap biler.

4. Jemgyýetçilik tertibine we graždanlaryň howpsuzlygyna garşy gönükdirilen hereketler üçin düzediş işlerinde işletmek temmisi berlen adamlar halk sudýasynyň kararyna laýyklykda, öz hemişelik işleýän ýerinde temmisini çekýärler.

Adam düzediş işlerinde işlemekden boýun gaçyran mahalynda halk sudýasynyň karary bilen, onuň düzediş işlerinde işlenilmedik möhleti on manatdan elli manada çenli jerime salmak bilen ýa-da düzediş işlerinde işlemegiň üç gününi tussaglykda  saklamagyň bir gününe barabar hasaplap, administratiw taýdan tussag etmek bilen çalşyrylyp bilner, ýöne ol möhlet on bäş gije-gündizden geçmeli däldir.

5. Jemgyýetçilik tertibine we graždanlaryň howpsuzlygyna garşy gönükdirilen hereketleriň edilen mahalynda on alty ýaşyny dolduran adam şol etmiş üçin  administratiw jogapkärçilige çekilip bilner.

Içeri işler organynyň naçalnigi ýa-da halk sudýasy on alty ýaşdan on sekiz ýaşa çenli ýaşdaky adamyň jemgyýetçilik tertibine we graždanlaryň howpsuzlygyna garşy eden hereketleri baradaky işine garanda onuň şahsyýetini we edilen etmişiň häsiýetini nazara alyp, ony administratiw jogapkärçilige çekmegiň deregine, işi kemala gelmedikleriň işleri baradaky raýon (şäher), şäherdäki raýon komissiýasyna berip biler.

6. Jemgyýetçilik tertibine we graždanlaryň howpsuzlygyna garşy gönükdirilen hereketler üçin tussag etmek, düzediş işlerinde işletmek we jerime salmak çäresiniň ulanylmagy administratiw temmi çäresi bolup durýar, sud edilenlik aýby bar hasap edilmeýär, işden boşatmak üçin esas bolup durmaýar hem-de iş stažynyň arasyny kesmeýär diýip düşündirmei.

Türkmenistan SSR-niň Administratiw hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky kodeksiniň 31-nji maddasyna laýyklykda, jemgyýetçilik tertibine we graždanlaryň howpsuzlygyna garşy gönükdirilen hereketler üçin administratiw taýdan tussag etmek çäresi göwreli aýallar, on iki ýaşa çenli çagalary bolan aýallar, on sekiz ýaşy dolmadyk adamlar, birinji we ikinji topardaky inwalidler barasynda ulanylyp bilinmez.

7. Halk sudýasynyň ýa-da içeri işler organlarynyň naçalniginiň administratiw temmi çäresini ulanmak baradaky karary prokuroryň bildiren protesti boýunça halk sudýasynyň hut özi ýa-da içeri işler organynyň naçalniginiň hut özi, şeýle hem prokuroryň protestiniň bardygyna garamazdan, ýokarda durýan suduň başlygy ýa-da ýokarda durýan içeri işler organynyň naçalnigi ýatyryp ýa-da üýtgedip biler.

Prokuroryň protest bildirmegi şol proteste garalýança kararyň ýerine ýetirilmegini togtadýar.

8. Jemgyýetçilik tertibine we graždanlaryň howpsuzlygyna garşy gönükdirilen hereketler üçin tutulyp saklanan adamlar işe halk sudýasy ýa-da içeri işler organynyň naçalnigi garaýança, tutulyp saklanan adamlaryň saklanýan ýerinde saklanýar.  Administratiw taýdan tutup saklamagyň möhleti halk sudýasynyň administratiw taýdan tussag etmek barada belleýän möhletine goşulýar.

9. Jemgyýetçilik tertibine we graždanlaryň howpsuzlygyna garşy gönükdirilen hereketler üçin özleri barasynda administratiw temmi çäreleri ulanylan adamlar içeri işler organlarynda registrirlenilýär. Registrasiýa etmegiň kadalary içeri işler organlary
tarapyndan bellenilýär. Zerur bolan halatlarynda tussag edilenler surata düşürilýär we olaryň barmaklarynyň yzy alynýar.

10. Jemgyýetçilik tertibine we graždanlaryň howpsuzlygyna garşy gönükdirilen hereketler üçin tussag edilenler kameralarda tussag astynda saklanýan beýleki  kategoriýadaky adamlardan üzňe saklanylýar.

Tussag edilenler kamera salynmanka olaryň ýany barlanylýar. Tussag edilenlere ýorgan-düşek berilmeýär. Tussag döwründe çilim çekmek rugsat edilmeýär. Tussag edilenlere bir gije-gündizlik iýmit türmelerdäki umumy düzgünde saklanylýan tussaglar üçin bellenilen normada berilýär. Şol norma boýunça gyzgyn nahar günaşa berilýär; gyzgyn nahar berilmeýän güni norma boýunça diňe çörek duz we gaýnan suw berilýär.

Zähmete çekilen we işe  ak  ýurekli garaýan tussaglar bellenen norma boýunça her gün gyzgyn nahar bilen üpjün edilýär.

Tussag edileni saklamagyň we onuň iýmitiniň bahasy tussaglygyň her gije-gündizi üçin bir manat möçberinde bellenilýär we ol jedelsiz tertipde tutulyp alynýar.

11. Halk sudýasynyň düzediş işlerinde işletmek baradaky karary onuň çykarylmagynyň ertesi gününden gijä galynman ýerine ýetirmek üçin iberilýär.

12. Jerime salnan adam jerime salmak baradaky kararyň özüne gowşurylan gününden beýläk on bäş günden gijä galman jerimäni tölemelidir, şeýle karar barada şikaýat edilen ýa-da protest bildirilen halatynda bolsa şikaýatyň ýa-da protestiň kanagatlandyrylman galdyrylandygy mälim edilen günden beýläk on bäş günden gijä galman tölemelidir.

Eger jerime şol möhletde tölenmese, onda ol düzgüni bozujynyň işleýän ýerindäki kärhananyň, edaranyň ýa-da guramanyň buhgalteriýasynyň üsti bilen mejbury tertipde tutulyp alynýar.

13. Jemgyýetçilik tertibine we graždanlaryň howpsuzlygyna garşy gönükdirilen  hereketler graždanlaryň bedenine şikes ýetirilmegine getirip, olaryň işe ukyplylygyny wagtlaýyn  ýitirmegine elten bolsa, onda şeýle hereketler üçin iş kesilen adamlardan ýetirilen zyýanyň öwezini töletdirip almak üçin serişdelerden başga-da profsoýuz guramalarynyň we sosial strahowaniýe organlarynyň hak islegleri boýunça, jemgyýetçilik tertibine we graždanlarynyň howpsuzlygyna garşy gönükdirilen hereketlerden heläkçilik çeken graždanlaryň işe ukyplylygyny wagtlaýyn ýitirenligi üçin olara posobiýe tölemek üçin harç edilen pul serişdeleri hem sudlar tarapyndan töletdirilip alnyp bilner.

14. Düzgüni bozujylary içeri işler organlaryna getirmegiň, registrirlemegiň we olar barada resmi taýdan ägä boluş çärelerini bellemegiň tertibi içeri işler organlary tarapyndan bellenýär.

 

Türkmenistan SSR 

Ýokary Sowetiniň Başlygy                                            S. Nyýazow

 

Aşgabat şäheri

1990-njy ýylyň 28-nji fewraly 

№ 98 – XII