Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Daşhowuz oblastynyň Köneürgenç raýonynyň raýon tabynlygyndaky Könürgenç şäherini oblast tabynlygyndaky şäherleriň kategoriýasyna geçirmek we onuň çägini giňeltmek hakynda

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ 

K A R A R Y

 

Daşhowuz oblastynyň  Köneürgenç  raýonynyň raýon tabynlygyndaky Könürgenç şäherini oblast tabynlygyndaky şäherleriň kategoriýasyna geçirmek we onuň çägini giňeltmek hakynda 

 

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990 ý., № 10, 129 - madda)

 

Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär: 

1.Daşhowuz oblastynyň Köneürgenç raýonynyň raýon tabynlygyndaky Köneürenç şäherini oblast tabynlygyndaky şäherleriň kategoriýasyna geçirmeli. 

2. Köneürgenç raýonynyň Akgala oba Sowetiniň Uýgurýer posýologynyň, Jelaýyr posýologynyň 305- gektara barabar demirgazyk böleginiň, Sowetýap oba Sowetiniň Sowetýap posýologynyň 26 gektara barabar gündogar böleginiň territoriýasyny, şeýle hem döwletiň zapas ýerinden Köneürgenç şäherini ösdürmek üçin baş planda göz öňünde tutulan 598 gektar ýeri Köneürgenç şäheriniň çägine goşmaly.

Köneürgenç şäheriniň territoriýasynyň umumy meýdanyny şäheriň çäginiň   çygrynda 2077 gektar  möçberde bellemeli. 

3. Akgala we Sowetýap oba Sowetleriniň şu kararyň 2-nji puntunda görkezilen, Köneürgenç şäheriniň çägine goşulan posýoloklaryň territoriýasynda ýerleşen saýlaw okruglary boýunça saýlanan deputatlarynyň ygtyýarlaryny halk deputatlarynyň  Köneürgenç halk deputatlarynyň Köneürgenç şäher Sowetinde saklamaly.

4. Halk deputatlarynyň Köneürgenç raýon Sowetiniň bellenen pes normadan az san sostawda işlemegine kadadan çykma hökmünde rugsat etmeli.

5. Köneürgenç raýonynyň Uýgurýer posýologynyň territoriýasynyň Köneürgenç şäheriniň çägine berilmegi sebäpli şol posýology Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1987-nji ýylyň 18-nji maýyndaky № 820- XI Ukazy bilen tassyklanan Türkmenistan SSR-niň posýoloklarynyň Spisogyndan (TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1987 ý., № 14, 65-nji madda) aýyrmaly.

 

Türkmenistan SSR   

Ýokary Sowetiniň Başlygy                                       S. Nyýazow

 

Aşgabat şäheri

1990-njy ýylyň 25-nji maýy 

№ 222- XII