Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çärjew oblastynyň Çarşaňňy raýonynyň şäher tipli Gowurdak posýologyny oblast tabynlygyndaky şäherleriň kategoriýasyna geçirmek hakynda

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ 

K A R A R Y

 

Çärjew oblastynyň  Çarşaňňy  raýonynyň şäher tipli 

Gowurdak posýologyny oblast tabynlygyndaky şäherleriň 

kategoriýasyna  geçirmek hakynda 

 

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990 ý., № 10,  130 - madda)

 

Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar  edýär:

1. Çärjew oblastynyň Çarşaňňy raýonynyň şäher tipli Gowurdak posýologyny oblast tabynlygyndaky şäherleriň kategoriýasyna geçirmeli, şunda onuň öňki adyny galdyrmaly.

2. Gowurdak şäherinde halk deputatlarynyň Gowurdak posýolok Sowetiniň deputatlaryndan, şeýle hem Gurşun magdan kärhanasy posýolok Sowetiniň, territoriýasynda ýerleşen saýlaw okrugyndan saýlanan Çarşaňňy raýon Sowetiniň   deputatlaryndan ybarat şäher Sowetini döretmeli.

3. Çärjew oblastynyň Çarşaňňy raýonynyň şäher tipli Gurşun magdan  kärhanasy posýologyny halk deputatlarynyň Gowurdak şäher Sowetiniň administratiw tabynlygyna  bermeli.

4. Halk deputatlarynyň Çarşaňňy raýon Sowetiniň bellenen pes normadan az san sostawda işlemegine kadadan çykma hökmünde rugsat etmeli.

 

Türkmenistan SSR   

Ýokary Sowetiniň Başlygy                                       S. Nyýazow

 

Aşgabat şäheri

1990-njy ýylyň 25-nji maýy 

№ 223- XII