Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ
K A R A R Y
Çärjew oblastynyň şäher tipli Neftezawodsk posýologyny oblast tabynlygyndaky şäherleriň hataryna geçirmek we ony Seýdi diýip atlandyrmak hakynda
(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990 ý., № 15-16, 158 - madda)
Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:
1. Çärjew oblastynyň halk deputatlarynyň Çärjew şäher Sowetiniň, şäher tipli Neftezawodsk posýologyny oblast tabynlygyndaky şäherleriň hataryna geçirip, ony Seýdi diýip atlandyrmaly.
2. Seýdi şäherinde Neftezawodsk posýolok Sowetiniň deputatlaryndan ybarat halk deputatlarynyň şäher Sowetini döretmeli.
3. Halk deputatlarynyň Seýdi şäher Sowetiniň bellenen pes normadan az sanda işlemegine kadadan çykma hökmünde rugsat bermeli.
Türkmenistan SSR
Ýokary Sowetiniň Başlygy S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1990-njy ýylyň 23-nji awgusty
№ 255- XII