Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky döwlet baýragy hakynda

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ PREZIDIUMYNYŇ 

K A R A R Y

 

Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky döwlet 

baýragy hakynda

 

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990 ý., № 19-20, 193- madda)

 

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 12.03.1991 ý. kabul eden № 426-ХII karary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Beýik türkmen şahyry we akyldary, Türkmen edebiýatynyň klassygy Magtymguly-Pyragynyň Türkmen halkynyň syýasy hem-de filosofik dünýägaraýşynyň ösmegine goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandyny göz öňünde tutup, edebiýat we sungat babatynda Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň abraýyny hem-de ähmiýetini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumy karar edýär:

1. Türkmen sowet edebiýatynyň uly zehin siňdirilen çeper eserlerini, edebiýaty öwreniş eserlerini, sazy, şekillendiriş, teatral we kino sungaty eserlerini, tele, radio programmalaryny, original we tagşytly arhitektura desgalaryny döredenligi, konsert çykyşlaryndaky işi üçin Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklarynyň üçüsini, şeýle hem çagalar üçin aýratyn görnükli we uly zehin siňdirilen, ýokary çeperçilikli eserleri üçin bir sany Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyny bellemeli. Her biri 5 müň manat möçberinde bolan baýraklar her ýyl Magtymgulynyň Günleri (15-17 maýda) geçirilýän döwürde döşe dakylýan nyşan we diplom gowşurmak bilen berilýär.

2. Sylaglamak bilen baglanyşykly çykdajylary Respiblikanyň  Hökümetiniň rezerw  fondunyň hasabyna geçirmeli.

3. Türkmenistan  SSR-niň  Magtymguly adyndaky  döwlet  baýragyny bermegiň praktikasyny kämilleşdirmek,  şeýle hem  bu işde subýektiwizmiň, buýruk berijiligiň, wedomstwolaýynlygyň ýüze çykmagyny aradan aýyrmak maksady bilen Türkmenistan SSR  Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky döwlet baýragy baradaky komiteti üýtgedip, Türkmenistanyň Magtymguly  adyndaky döwlet baýragy  baradaky  Komitete öwürmeli.

Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky döwlet baýragy baradaky Komitet hakyndaky Düzgünnama, onuň atma-at sostawy Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumy tarapyndan tassyklanylýar.

4. Türkmenistan Kompartiýasynyň MK-nyň we Türkmenistan SSR Ministrler Sowetiniň Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň düzgünlerini kesgitlän ozalky kabul edilen kararlaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

 

Türkmenistan SSR   

Ýokary Sowetiniň Başlygy                                       S. Nyýazow

 

Aşgabat şäheri

1990-njy ýylyň 3-nji oktýabry 

№ 298- XII

 

                                                       Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň

                                                       Prezidiumynyň 1990-njy ýylyň

                                                      3-nji oktýabryndaky № 298-XII 

                                                       karary bilen tassyklandy

 

Türkmenistan  SSR-niň Magtymguly  adyndaky 

Döwlet baýraklary baradaky komitet hakynda

D Ü Z G Ü N N A M A

 

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 12.03.1991 ý. kabul eden № 426-ХII karary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

1.Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklary baradaky komitet (mundan beýläk «Komitet» diýlip atlandyrylýar) 5 ýyl möhlet bilen döredilýär hem-de Türkmenistan SSR Sowetiniň Prezidiumy tarapyndan tassyklanýar. Komitetiň başlygyna Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumy tarapyndan şahadatnama berilýär.

Komitetiň sostawy we ondaky üýtgetmeler hakyndaky habar respublikan metbugatda çap edilýär.

2. Şu Komitetiň üstüne Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklaryn bermek işi ýüklenilýär.

3. Komitet SSSR-iň we Türkmenistaa SSR-nis halk deputatlaryndan, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden, at-abraýly we görnükli döredijilik işgärlerinden, şeýle hem uly alymlardan we dürli guramalaryň hem-de zähmetkeşler kollektiwleriniň wekilçiligini edýän belli spesialistlerden ybarat edilip düzülýär.

4. Komitet özüniň işiniň  maksadyna laýyklykda:

- Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureatynyň diplomynyň proýektini, döşe dakylýan nyşanynyň nusgasyny we ýazgysyny tassyklaýar;

- Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyny almak üçin kandidatlary görkezmegiň tertibini hem-de dokumentleri resmileşdirmegi belleýär;

- Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyny almak  üçin  kandidaturalar baradaky  teklipleriň,  nobatdaky kabul edilişigini yglan edýär;

- Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklaryny almak üçin hödürlenýän işleri kabul edýär, şunda dokumentleriň esasynda olaryň hödurleniliş tertibiniň takyk berjaý edilmegini belleýär;

- konkursa  gatnaşdyrmak  üçin has mynasyp  işleri saýlap alýar, respublikan we oblast metbugat organlarynda şol işleriň spisogyny çap edýär, şunda awtorlar we olary hödürlän guramalaryň ady hem görkezilýär;

- Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklaryny almak  üçin hödürlenen işleriň jemgyýetçilik tarapyndan giň we açyk ara alnyp maslahatlaşylmagyny guramaga gatnaşýar, jemgyýetçilik pikirleri we beren bahalary  ýüze  çykarylanda aýanlygyň giňeldilmegine ýardam edýär;

- Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklaryny almak üçin  görkezilen kandidatlar  barada jemgyýetçiliň beýan eden pikirini   we  beren  bahalaryny  umumylaşdyrýar,  baýraklary bermek hakynda  karar  çykarýar, zerur  bolan mahalynda  bolsa Komitetiň çlenleri baýraklary  almak üçin hödürlenen  işleri doly we hemme taraplaýyn öwrenmek üçin ýerlere gidýärler;

- Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň  laureatynyň diplomlaryny, şahadatnamalaryny we döşe dakylýan nyşanlaryny   resmileşdirýär, olary gowşurmagy guraýan hem-de laureatlara bellenen möçberde pul baýraklaryny berýär;

- baýraklaryň laureatlary bilen duşuşyklar geçirýär hem-de olaryň alyp barýan işi barada jemgyýetçilige habar berýär;

5. Komitete şu aşakdaky hukuklar berilýär:

- Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklaryny almak üçin hödürlenen işlere deslap garamak üçin edebiýatyň, sungatyň we arhitekturanyň dürli ugurlary boýunça seksiýalary hem-de ekspert komissiýalaryny  döretmäge, şol  işleriň dereje barada netijeler  hem-de şolar boýunça  maslahatlar taýýarlamaga;

- Türkmenistan  SSR-niň Magtymguly  adyndaky Döwlet baýragyny almak üçin gelip gowşan işlere syn (resenziýa) ýazmaga we ekspertiza geçirmäge edebiýat, sungat hem-de arhitektura ugrundan aýry-aýry spesialistleri çekmäge. Olaryň eden işine Türkmenistan SSR Maliýe ministrligi bilen ylalaşylan  stawkalar boýunça  hak tölenilýär;

- Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklaryny almaga hödürlenen işleri ekspert netije çykarmak üçin ylmy, döredijilik we döwlet  guramalaryna  ibermäge;

-         teatr oýunlary bilen hem-de düýpli sungat we arhitektura esreleri bilen öz ýerinde tanyşmak üçin Komitetiň çlenlerini, ekseprtleri we ekspert komissiýalaryny ibermäge;

-         Komitetiň çlenlerine we ekspertlere bellenen smetanyň çäklerinde  komandirowka  çykdajylaryny tölemäge, Komandirowkalar boýunça  çykdajylaryň smetasyny Türkmenistan SSR Maliýe  ministrligi tassyklaýar;

 - Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýlaryny almak  üçin işleri görkezmegiň hem-de hödürlenen şol işlere ekspertleriň garamagynyň bellenen tertibiniň berjaý edilişine kontrollyk etmäge, işleri ara alyp maslahatlaşmak we olara baha bermek üçin metbugat organlaryna, döredijilik, ylmy we gaýry edaralara ýüz tutmaga. Komitetiň işini ýöretmek üçin tehniki sekretar we buhgalter ştat birligi bellenýär, ony saklamak baradaky çykdajy smetasyny Türkmenistan  SSR  Maliýe  ministrligi  tassyklaýar.

6. Işlere syn (resenziýa) ýazmak barada, ştat birliklerini saklamak üçin  edilýän çykdajylar Respublikanyň Hökümetiniň rezerw fondunyň hasabyna geçirilýär.

7. Komitetiň jemleýji mejlisi Aşgabat şäherinde her ýylyň aprel-maý aýlarynda geçirilýär  we Komitetiň sostawynyň azyndan dörten üç bölegi gatnaşan mahalynda doly ygtyýarly hasaplanýar. 

8. Komitetiň mejlislerini onuň başlygy açýar we alyp barýar.Başlyk ýok mahalynda hem-de zerurlyk ýüze çykanda başlygyň orunbasary alyp barýar. Komitetiň işini material-tehniki taýdan üpjün etmek Türkmenistan SSR-niň Prezidentiniň apparatynyň Iş dolandyryş uprawleniýesi tarapyndan amala aşyrylýar.

9. Türkmenistan SSR-niň Magtymguly asyndaky Döwlet baýraklaryny  bermek hakynda Komitetiň çykarýan kararlary gizlin ses bermek arklly, mejlise  gatnaşýanlaryň sesleriniň azyndan üçden iki böleginiň köplügi bilen kabul edilýär we ol gutarnykly hasap edilýär. 

Eger Türkmenistan SSR-niň Magtymguly  adyndaky Döwlet baýragyny almak üçin Komitetiň çleniniň işi hödürlenen bolsa, onda şol iş Komitetde ara alnyp  maslahatlaşylanda onuň  awtory  oňa gatnaşmaýar.

10. Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklaryny bermek hakyndaky kararlara Komitetiň hödürlemegi boýunça Türkmenistan SSR-niň Prezidenti tarapyndan gol çekilýär we şol kararlar her ýyl Magtymgulynyň Günleriniň (15-17-nji maýday) geçirilýän döwründe respublikan metbugatda çap edilýär. 

11. Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklary baradaky komitetiň Türkmenistan SSR-niň Döwlet gerbi şekillendirilen we öz ady ýazylan möhri (peçaty), SSSR-iň Ýaşaýyş jaý-sosial bankynyň respublikan bankynda sçýoty bolýar.

 

                                                       Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň

                                                       Prezidiumynyň 1990-njy ýylyň

                                                       3-nji oktýabryndaky № 298-XII 

                                                       karary bilen tassyklandy

 

Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky 

Döwlet baýraklary hakynda

D Ü Z G Ü N N A M A

 

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 12.03.1991 ý. kabul eden № 426-ХII karary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

1. Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklary zähmetkeşleriň nedeniýetini ösdürmäge ýardam edýän hem-de respublikanyň jemgyýetiniň giň ykrar etmegine mynasyp bolan işleri - türkmen sowet edebiýatynyň uly zehin siňdirilen iňňän çeper eserlerini, edebiýaty öwreniş eserlerini, sazy, şekillendiriş, teatral we kino sungaty eserlerini, telewizion we  radioprogrammalaryny, original we tygşytly arhitektura desgalaryny döredenligi, konsert işi üçin, şeýle hem çagalar üçin  niýetlenen aýratyn görnükli we uly zehin siňdirilen iňňän çeper eserleri üçin berilýär.

2. Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklary baradaky  komitet (mundan  beýläk «Komitet» diýlip  atlandyrylýar) garamak üçin çeper edebiýat eserlerini, şol sanda hem terjime edilen, tankydy, žurnalistika, şekillendiriş, saz, teatral sungaty, arhitektura, horeografik, konsert eserlerini, telewideniýe we radioprogrammalaryny, çeper, dokumental, ylmy-populýar, kino we telewizion filmleri, şeýle hem çagalar üçin niýetlenilen eserleri kabul edýär.

3. Türkmenistan  SSR-niň Magtymguly  adyndaky Döwlet baýragyny almak üçin işleri ministrlikler, döwlet komitetleri wedomstwolar, döredijilik, jemgyýetçilik guramalary, ylmy edaralar ýokary okuw jaýlary, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalary, neşirýatlar, kärhanalaryň, edaralaryň hem-de guramalaryň, zähmetkeşler kollektiwleri hödürleýärler. Işler köllegiýalaryň, prezidiumlaryň, prawleniýeleriň sekretariatlarynyň mejlislerinde çeperçilik we  alymlar  sowetlerinde, zähmetkeşler  kollektiwleriniň ýygnaklarynda iňňän talapkärçilikli baha bermek ýagdaýynda baýrak   almaga hödürlenýäniň  her biriniň  goşan döredijilik  goşandy nazara almak esasynda, jemgyýetçiligiň giň gatnaşmagynda we aýanlygyň doly üpjün edilmegi şertlerinde görkezilýär.

Baýrak almaga hödürlenýän kollektiwiň sostawyna adamlar administratiw, konsultatiw we guramaçylyk işiniň alamatlary boýunça girizilmegine ýol berilmeýär, baýrak almaga hödürlenýänleriň sany 7 adamdan köp bolmaly däldir.

Awtorlar kollektiwiniň sostawyna SSSR graždanlary däl adamlar hem girizilip bilner.

4. Türkmenistan  SSR-niň Magtymguly  adyndaky Döwlet baýrgyny  almaga  işleriň kabul edilmeginiň tamamlanmagyna azyndan bir ýyl galanda çap edilen   (görkezilen, jemagat öňünde ýerine ýetrilen, bina edilen) edebiýat we sungat eserleri, ylmy işler we arhitektura desgalary görkezilip bilner.

5. Ozal  Türkmenistanyň Lenin komsomoly baýraklaryna, SSSR Ministrler Sowetiniň  baýraklaryna,  SSSR-iň Döwlet baýraklaryna mynasyp  bolan işler Türkmenistan  SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklaryny almak üçin görkezilmeýär. Şol bir kandidatura  bir wagtyň özünde  Türkmenistan SSR-niň      Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna  almaga  iki we şondan köp iş boýunça görkezilip bilinmez.

Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklarynyň laureatlarynyň, uly üstünlikleri bar wagtynda bu baýrak oňa ýene-de berlip bilner, ýöne ol Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň ozalky berlen wagtyndan azyndan 5 ýyl geçenden soň indiki baýraga hödürlenip bilner.

6. Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklaryna hödürlenýän işler Komitet tarapyndan 1990-njy ýyldan başlap her ýyl 1-nji sentýabrdan 31-nji dekabra çenli kabul edilýär.

Baýraklara hödürlenýän işleriň dokumentlerini ýazyp bermegiň we resmileşdirmegiň tertibi Komitet tarapyndan tassyklanýan Instruksiýa bilen kesgitlenýär.

7. Komitetiň, işleri deslap öwrenmegiň netijeleri boýunça garamak üçin kabul eden işleriniň spisogy şol işler kabul edilip gutarylandan soň respublikan gazetlerde çap edilýär, şunda olaryň ýany bilen olary hödürlän guramalaryň atlary hem görkezilýär.

8. Komitetiň garaýan işleri metbugatda, telewizion we radiogepleşiklerde, jemgyýetçiligiň, zähmetkeşler we okuw kollektiwleri ýynaklarynda, alymlar,  çeperçilik, redaksion-neşirýat sowetleriniň mejlislerinde, döredijilik hem-de beýleki jemgyýetçilik guramarynda giňden we hemme taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmalydyr.  Ara   alyp  maslahatlaşmak  işi  giň jemgyýetçiligiň pikirini we berýän bahasyny bilmäge mümkinçilik berýän demokratik, çekişme häsiýetinde bolmalydyr. Şeýle ara alyp maslahatlaşmagyň materiallary, olara   berlen bahalar,  ýazylan  synlar  (resenziýalar), bellikler  we  teklipler   Komitete  iberilýär,  olar     bolsa soňra Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty adyny  almaga  hödurlenen işlere garalanda nazarda tutulýar.

Ara alyp maslahatlaşmak işini guramaka, wezipesi ministrlikleriň, döwlet   komitetleriniň, wedomstwolaryň, döredijilik soýuzlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň ýolbaşçylarynyň, gazetleriň we  žurnallaryň   redaksion  kollegiýalarynyň üstüne ýüklenilýär.

9. Spisok çap edilenden soň Komitetiň çlenleri Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklaryny almak üçin görkezilen işler bilen jikme-jik tanyşýarlar, jemgyýetçilik pikirini umumylaşdyrýarlar, soňra bolsa öz  mejlislerinde olara garap, olaryň has   mynasyplaryny   şondan beýläk ara alyp  maslahatlaşmak üçin saýlap alýarlar.

Zerur bolan mahalynda Komitetiň çlenleri işleri, teatr oýunlaryny we başgalary has doly we hemme taraplaýyn öwrenmek üçin ýerlere gidýärler.

10. Komitet baýraklary almak üçin hödürlenen işleriň hemmesine seredenden soň, has görnükli işleriň awtorlaryna Türkmenistan SSR-niň Magtymguly  adyndaky Döwlet baýraklaryny  bermek hakynda karar çykarýar.

Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklary kollektiwlere berlen Komitet şu aşakdaky kadany gollanýar: kollektiwiň çleni iki bolanda baýrak olaryň arasynda deň paýlanylýar; kollektiw üç adam bolanda ýolbaşça baýragyň ýarysy berilýär, baýragyň galan ýarysy bolsa beýleki iki adamyň arasynda deň paýnaýlanylýar; kollektiw dört we şondan-da köp adam bolanda ýolbaşça baýragyň üçden bir bölegi berilýär, üçden iki bölegi bolsa kollektiwiň galan çlenleriniň arasynda deň paýlanylýar. Eger kollektiw ýolbaşçy görkezmese, baýrak kollektiwiň ähli çlenleriniň arasynda deň paýlanylýar.

11. Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklaryny bermek hakyndaky kararlara Komitetiň hödürlemegi boýunça Türkmenistan SSR-niň Prezidenti tarapyndan gol çekilýär we şol kararlar her ýyl Magtymgulynyň Günleriniň (15-17-nji madda) geçirilýän döwründe respublikan metbugatda çap edilýär. 

12. Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyny alan adamlara «Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty» diýen at dakylýar, laureatyň diplomy, laureatyň döşe dakylýan nyşany gowşurylýar, bellenilen möçberde pul baýragy berilýär.

13. Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň  aradan çykan  laureatynyň  hem-de aradan  çykandan  soň sylaglananyň  diplomy we döşe dakylýan nyşany galdyrylýar ýa-da ýadygärlik hökmünde onuň  maşgalasyna berilýär. Baýragyň pulundan düşýän bölegi kanunda bellenen tertipde miras boýunça geçýär.