Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ
K A R A R Y
Esenguly raýonynyň Ekerem posýolok Sowetiniň, Garadepe posýologyny şäher tipli posýoloklaryň hataryna geçirmek hem-de onda halk deputatlarynyň posýolok Sowetini döretmek hakynda
(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990 ý., № 15-16, 159 -madda)
Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:
1. Esenguly raýonynyň Ekerem posýolok Sowetiniň Garadepe posýologyny şäher tipli posýoloklaryň hataryna geçirip, onuň ozalky Garadepe diýen adyny galdyrmaly.
2. Esenguly raýonynyň şäher tipli Garadepe posýologynyň territoriýasynda ýerleşen saýlaw okruglary boýunça Ekerem posýolok Sowetine saýlanan deputatlardan ybarat şol Garadepe posýologynda halk deputatlarynyň posýolok Sowetini döretmeli.
3. Halk deputatlarynyň Garadepe we Ekerem posýolok Sowetleriniň bellenen pes normadan az sanly sostawda işlemegine rugsat bermeli.
4. Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1987-nji ýylyň 18-nji martyndaky № 820-XI Ukazy bilen tassyklanan Türkmenistan SSR-niň posýoloklarynyň Spisogyna (TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1987 ý., № 14, 65-nji madda) degişli üýtgetmeleri girizmeli.
Türkmenistan SSR
Ýokary Sowetiniň Başlygy S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1990-njy ýylyň 23-nji awgusty
№ 256- XII