Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Esenguly raýonynda Bugdaýly oba Sowetini döretmek hakynda

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ 

K A R A R Y

 

Esenguly raýonynda Bugdaýly  oba Sowetini  döretmek hakynda

 

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary,  1990 ý., № 15-16,  160- madda)

   

Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:

1. Esenguly raýonynda merkezi Bugdaýly posýologynda Bugdaýly oba Sowetini döredip, Ekerem posýolok Sowetiniň Gögerendag posýologyny, Ajyýap oba Sowetiniň Orunçäge, Çukurguýy posýoloklaryny, Çaloýuk oba Sowetiniň Bugdaýly, Şahman posýoloklaryny, Alangyrtly we Yňdarylan ilatly punktlaryny onuň sostawyna bermeli.

2. Täze döredilen oba Sowetiniň territoriýasynda ýerleşen saýlaw okruglaryndan saýlanan Ajyýap, Çaloýuk oba Sowetleriniň Ekerem  posýolok Sowetiniň deputatlaryndan ybarat şol döredilen oba Sowetinde halk deputatlarynyň oba Sowetini döretmeli.

3. Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1987-ni ýylyň 18-nji maýyndaky № 820-XI Ukazy bilen tassyklanan Türkmenistan SSR-niň posýoloklarynyň Spisogyna (TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1987 ý., № 14,  65-nji madda) degişli üýtgetmeleri girizmeli.

 

Türkmenistan SSR   

Ýokary Sowetiniň Başlygy                              S. Nyýazow

 

Aşgabat şäheri

1990-njy ýylyň 23-nji awgusty 

№ 257- XII