Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Daşhowuz oblastynyň Kalinin raýonynyň şäher tipli Kalinin posýologynyň çägini giňeltmek hakynda

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ 

K A R A R Y

 

Daşhowuz oblastynyň Kalinin raýonynyň şäher tipli Kalinin posýologynyň çägini giňeltmek hakynda

 

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary,  1990 ý., № 15-16,  164 - madda)

 

Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:

1. Daşhowuz oblastynyň Kalinin raýonynyň şäher tipli Kalinin posýologynyň sostawyna şol raýonyň Goldawly oba Sowetiniň Lawak posýologyny we umumy meýdany 98 gektara barabar bolan ýeri, şol sanda döwlet zapasynyň 34,5 gektara, senagat, transport kärhanalarynyň we oba hojalygy  üçin   niýetlenmedik  başga  obýektleriň 59,5 gektara, «Internasional» kolhozynyň oba hojalygy üçin niýetlenen 4 gektara barabar ýerini goşmak arkaly şäher tipli Kalinin posýologynyň çägini giňeltmeli  (shemasy goşulýar).

2. Şäher tipli Kalinin posýolok Sowetiniň sostawyna giren territoriýada ýerleşen saýlaw okruglary boýunça Goldawly oba Sowetine saýlanan deputatlaryň ygtyýarlaryny halk deputatlarynyň Kalinin posýolok Sowetinde saklamaly.

3. Halk deputatlarynyň Goldawly oba Sowetiniň bellenen pes normadan az sanly sostawda işlemegine kadadan çykma hökmünde rugsat etmeli.

4. Daşhowuz oblastynyň Kalinin raýonynyň Goldawly oba Sowetiniň Lawak posýologynyň territoriýasynyň şäher tipli Kalinin posýologynyň  çägine berilmegi   sebäpli, şol posýology Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1987-nji ýylyň 18-nji maýyndaky №820-XI Ukazy bilen tassyklanan Türkmenistan SSR-niň posýoloklarynyň Spisogyndan (TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomstlary, 1987 ý., №14, 65-nji madda) aýyrmaly. 

 

Türkmenistan SSR   

Ýokary Sowetiniň Başlygy                              S. Nyýazow

 

Aşgabat şäheri

1990-njy ýylyň 23-nji awgusty 

№ 261- XII