Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga,
neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň
prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna hem-de
jenaýatlaryň beýleki görnüşlerine garşy göreşmekde
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň
Hökümetiniň arasynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 61-nji madda)
«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
Terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna hem-de jenaýatlaryň beýleki görnüşlerine garşy göreşmekde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda 2018-nji ýylyň 15-nji martynda Abu-Dabi şäherinde gol çekilen Ylalaşygy tassyklamaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa
Aşgabat şäheri.
2018-nji ýylyň 9-njy iýuny.
№ 59-VI.