Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip yglan etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

 

 

2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»

diýip yglan etmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 4, 98-nji madda)

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly uly üstünliklere beslendi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz 2024-nji ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam basýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny          has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge taýýarlyk görülýär.

Ýurdumyzda pähim-paýhas ummany bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde bellemek barada durmuşa geçirilýän işler akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Beýik akyldaryň «Berkarar döwlet islärin» diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. Dünýä medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri hem-de filosofik garaýyşlary, agzybirlik, sahawatlylyk hakyndaky pikirleri, öwüt-ündewleri türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, türkmen halkynyň häzirki we geljekki nesilleriniň ruhy sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasynda goýlandyr.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň – TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» halkara sanawyna we Magtymguly Pyragynyň                       300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek Şanly seneleriniň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmak barada, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

 

2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip yglan etmeli.

 

 

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy                                         D.Gulmanowa

 

 

Aşgabat şäheri.

2023-nji ýylyň 29-njy dekabry.

№ 80-VII.