Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Aşgabat şäheriniň 1970-nji köçesine
professor Hans Maýsneriň adyny dakmak hakynda
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, halkymyzyň saglygyny goramak, ömür dowamlylygyny artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça bimöçber işler alnyp barylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde Bitarap döwletimiz Germaniýanyň saglyk merkezleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Bütin dünýäde giňden tanalýan, meşhur germaniýaly kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, professor Hans Maýsneriň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap, türkmen-german gatnaşyklarynda saglygy goraýyş ulgamynyň kardiologiýa ugruny ösdürmekde, türkmen lukmanlarynyň arasynda halypa-şägirtlik mekdebini döretmekde, ýokary derejeli saglygy goraýyş hünärmenlerini taýýarlamakda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde we döwrebaplaşdyrmakda goşan uly şahsy goşandyny, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň haýyşnamasyny we Aşgabat şäher häkimliginiň towakganamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolundan başlap, Halkara Kardiologiýa merkezine barýan 1970-nji köçesine meşhur germaniýaly kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «professor Hans Maýsner şaýoly» (professor Hans Meisner Strasse) diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa
Aşgabat şäheri.
2024-nji ýylyň 10-njy oktýabry.
№ 122-VII.