Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

 

Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine

üýtgetmeler girizmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2025 ý., № 1, 15-nji madda)

 

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dünýä ähmiýetli forumlaryň we maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülen, binagärlik, ekologik derejesi boýunça köp sanly halkara güwänamalara mynasyp bolan Arkadag şäheri belent maksatlary nazarlap günsaýyn ösýär we özgerýär. Onuň gözel keşbinde ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, Arkadag şäheriniň ýeten derejesi öz beýanyny tapýar.

Arkadag şäherinde şäher hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, guramaçylyk, dolandyryş babatda amatly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny göz öňünde tutup, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

 

1. Aşgabat şäheriniň 65 ga ýerini şu kararyň goşundysyndaky çyzga laýyklykda Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirmeli.

 

2. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň dolandyryş çäginiň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

 

 

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy                                           D.Gulmanowa

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2025-nji ýylyň 12-nji marty.

№ 149-VII.