Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa
«Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen
hormatly ady dakmak hakynda
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de gös-göni ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» döwlet maksatnamasyny we bu ugurda kabul edilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça bimöçber işler alnyp barylýar.
«Saglyk» döwlet maksatnamasynyň kabul edileni bäri geçen döwürde ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak we bejermek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, ilaty ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça geçirilen işleriň netijesinde milli lukmançylygyň we dünýä tejribesiniň esasynda saglygy goraýşyň we derman senagatynyň ylmy taýdan esaslandyrylan döwrebap ulgamy döredildi. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýä bileleşigi, aýratyn-da Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işler amala aşyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ilatyň, aýratyn-da eneleriň we çagalaryň saglygy bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýär.
Ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda durmuşa geçirilýän işler we gazanylan üstünlikler ençeme halkara güwänamalar bilen ykrar edildi. Ýurdumyzyň paýtagtynda, sebitde ilkinji «akylly» Arkadag şäherinde we welaýatlarynda saglygy goraýşy halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil, binagärlik taýdan tapawutlanýan nusgalyk döwrebap saglygy goraýyş we bejeriş edaralarynyň, sport desgalarynyň uly toplumy gurlup ulanylmaga berildi.
Olaryň hatarynda Aşgabat şäherinde Halkara Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini we Halkara Sagaldyş-dikeldiş merkezini, Arkadag şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini we köpugurly hassahanany, Balkan welaýatynda iki sany köpugurly hassahanany, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde köpugurly hassahanany we onkologiýa hassahanasyny hem-de başga-da köpsanly saglygy goraýyş edaralaryny görkezmek bolar. Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlary bolsa ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny täze derejelere çykarýar.
Häzirki wagtda gurluşygy ýokary depginlerde dowam etdirilýän Aşgabatdaky Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Stomatologiýa merkezi, şeýle hem Arçman şypahanasyndaky goşmaça täze binalar toplumy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüni ýetirer. Şeýle hem Aşgabat şäherinde köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygyna badalga berilmegi ýurdumyzda adam we onuň saglygy hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.
Ýurdumyzda gurulýan saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik babatda ýokary ölçeglere, milli äheňlere laýyk bolmagyny üpjün etmekde, şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik-gurluşyk taslamalary işlenip düzülende dünýäde gazanylan oňyn tejribeleri, innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik, binagärlik, bezeg işläp taýýarlamalary işjeň ulanmakda hem-de taslama we binagärlik işleri boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, ýaşlary bu işlere çekmekde, ylmy oý-pikiriň we tehniki ösüşiň gazananlaryny peýdalanmakda alyp barýan ägirt uly işlerini, şeýle hem saglygy goraýyş babatda jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň esasynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa
Aşgabat şäheri.
2025-nji ýylyň 8-nji oktýabry.
№ 176-VII.