Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
2019-njy ýyly «Türkmenistan ‒ rowaçlygyň Watany» diýip
yglan etmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 4, 120-nji madda)
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly uly üstünliklere, rowaçlyklara, şanly wakalara beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygar üstünlikli durmuşa geçirilip, adamlaryň hal-ýagdaýy yzygiderli ýokarlanýar, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejeleri gowulanýar, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek, ýurtda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardyr binalary gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça halk hojalygynyň ähli pudaklarynda bitirilen ägirt uly işler mähriban halkymyzy täze belentliklere ruhlandyrýar, ata Watanymyzy ösen döwletleriň hataryna çykarýar. Durmuşa geçirilýän bu beýik işler Garaşsyz ýurdumyzyň kuwwatyny has-da artdyryp, ýurdumyzyň dünýäde at-abraýyny, mertebesini ýokarlandyrýar, milletiň ruhy dünýäsini belende göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen ýetilýän belent sepgitler bolsa ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösdürmek boýunça kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine, eziz Watanymyzyň täze belentlikleriň ýoly bilen aýdyň geljege tarap ynamly barýandygyna, onuň halkara derejesinde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Mähriban ýurdumyzyň ykdysadyýetinde we beýleki ugurlarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň esasy maksady her bir adamyň bolelin, eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna hem-de ruhy taýdan ösmegine gönükdirilendir.
«Türkmenistan ‒ Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýyl bu babatda has-da ähmiýetli ýyllaryň biri boldy. Beýik ösüşlere beslenen bu ýylda Aziýa bilen Ýewropany ençeme asyr mundan ozal söwda ýollary we medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly täzeden dikeldildi. Türkmen topragynda ata-baba arzuw edilen müňlerçe kilometr awtomobil we demir ýollarynyň, deňiz portunyň, köprüleriň gurluşyklarynyň ýaýbaňlandyrylmagy, ykdysady, ýaşaýyş, medeni-durmuş maksatly iri desgalaryň ulanylmaga berilmegi bilen täze taryhy döwürde gaýtadan dikeldilýän gadymy Ýüpek ýolunyň esasy halkasy hökmünde ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri ep-esli giňeldi. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlaryndaky aklyňy haýrana galdyryjy ösüşler raýatlarymyzyň watançylyk duýgularynyň ösmegine mümkinçilik berdi, milletimiziň ruhy galkynyşynyň ýokary derejelere göterilmegine esas bolup hyzmat etdi. Ýurdumyzda öňe sürlen ykdysady strategiýanyň çäklerinde milli we halkara ähmiýetli iri möçberli maýa goýum taslamalary, innowasiýalar durmuşa ornaşdyrylyp, dünýäniň iň kämil enjamlary oturdylan kuwwatly önümçilik düzümleri gurlup, ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, innowasiýa taýdan ösdürmäge tarap aýgytly ädimler ädildi.
Tamamlanyp barýan ýylda bitirilen işleriň ählisi Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen bagly bolup, onuň aňyrsynda Mähriban Arkadagymyzyň ýadawsyz zähmeti, taýsyz tagallalary, öz halkynyň abadançylygy hakyndaky yzygiderli aladasy, Watana, öz halkyna bolan ummasyz beýik söýgüsi durandyr.
Häzirki taryhy döwürde halk köpçüliginiň döredijilik güýjüniň we ruhunyň barha ýokarlanýandygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de ykdysady we durmuş taýdan gülläp ösmegini üpjün etmäge bolan hyjuwynyň egsilmezdigi Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly üstünlik hem-de agzybirlik ýagdaýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde has-da aýdyň ýüze çykdy. Maslahatda Watanymyzyň ýakyn we uzak geljekde arzyly maksada tarap öňe ilerlemeginiň ygtybarly ýollary kesgitlenildi. Täze, 2019-njy ýylyň bosagasynda ýurdumyzda höküm sürýän agzybirlik, jebislik ýagdaýy asylly maksatlara tarap barýan ýolumyzda bize täze üstünlikleriň, rowaçlyklaryň garaşýandygyny ynandyryjylyk bilen tassyklaýar.
Biziň ýurdumyzda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp we möhüm wakalaryna bagyşlanyp gadam basylýan her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelge indi asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa halkymyzyň watançylyk ruhunyň we duýgularynyň ýokarlanmagyna, her bir adamyň eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän işlere dahylly bolmak, öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan uly, giň gerimli işleriň ähmiýetini giňden ýaýmak, ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrmak, ösüşiň täze basgançaklaryna ýetmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işleri has-da şöhratlandyrmak, ýurdumyzyň parahatçylygy üpjün etmeklige goşýan goşandyny, öňe sürýän başlangyçlaryny dünýä ýaýmak, giňden wagyz etmek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza uly buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, 2019-njy ýyly «Türkmenistan ‒ rowaçlygyň Watany» diýip atlandyrmak hakynda ýurdumyzyň döwlet edaralaryndan, guramalaryndan, kärhanalaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we raýatlarymyzdan gelip gowşan köp sanly teklipleri nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý är :
2019-njy ýyly «Türkmenistan ‒ rowaçlygyň Watany» diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa
Aşgabat şäheri.
2018-nji ýylyň 20-nji dekabry.
№ 115-VI.