Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
KARARY
2017-nji ýyly «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly»
diýip yglan etmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 1-madda)
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasaty netijesinde ösýän, özgerýän, dünýä bileleşiginde abraýy barha artýan Türkmenistan Watanymyz «Mirasa sarpa goýmak we Watany özgertmek ýylyny» ähli ugurlar boýunça üstünlikli jemläp, 2017-nji ýyla ynamly gadam goýdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew batly, şan-şöhratly Watanymyzda ähli rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitler eýelenýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden we pähim-paýhasyndan kemal tapan il-ýurt bähbitli giň gerimli özgertmeleriň maksadalaýyk durmuşa geçirilýändigine we eziz Diýarymyzyň täze belentlikleriň ýoly bilen aýdyň geljegi nazarlap, ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň bagtyýarlygyna gönükdirilen «Döwlet adam üçindir!» diýen mukaddes ýörelgesi, sagdyn we kämil jemgyýetde sagdyn nesli kemala getirmek, türkmen sportuny ösdürmek üçin alyp barýan ägirt uly işleri dünýäni haýrana goýýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurulýan we ulanylmaga berilýän häzirki zaman sport desgalary, sport mekdepleri ýaş, zehinli türgenleri ýüze çykarmaga, sportuň meşhurlygyny has-da artdyrmaga, türkmen sportuny dünýä çykarmaga badalga berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyl ählumumy «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly biraýlygyň geçirilmegi, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda «Saglyk ýolunda» we welosipedli ýörişleriň geçirilmegi, şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň gatnaşmagynda häzirki zaman aýlawlarynda geçirilýän at çapyşyklary Türkmenistanda sportuň ählihalk hereketine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmek babatdaky görkezýän şahsy göreldesi nesillere nusgalykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrundaky bimöçber aladalary, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri berkarar Diýarymyzda sportuň barha meşhurlyga eýe bolýandygyna güwä geçýär.
Aziýanyň Olimpiýa komiteti tarapyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirmek barada kararyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyna, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylýan ägirt uly üstünlikleriň halkara derejesinde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. Bu abraýly halkara ýaryşlaryna Aziýa sebitinden iň güýçli, dünýä belli türgenler gatnaşarlar. Aşgabat şäherinde gurlan, dünýä derejesine laýyk gelýän Olimpiýa şäherçesi türkmen sportunyň şanyny arşa göterer.
Biziň ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelge indi asylly däbe öwrüldi. Şol ýörelgeden ugur alyp hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Aşgabat şäherinde geçirilmegi mynasybetli Hormatly Prezidentimiz 2016-njy ýylyň 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde 2017-nji ýyly «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýip atlandyrmagy teklip etdi. Döwlet Baştutanymyzyň asylly başlangyjyny goldamak boýunça ýurdumyzda geçirilen köpsanly wagyz-nesihat çärelerinde bu teklibiň türkmen sportuny, bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgesini dünýä ýaýmakda ägirt uly ähmiýete eýedigi bellenip geçildi we ol tüýs ýürekden hem-de gyzgyn garşylandy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy mundan beýläk-de özgertmek, onuň şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza uly buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek, Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny hemişelik ýatda galar ýaly şöhratlandyrmak maksady bilen, şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýyly «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýip atlandyrmak baradaky başlangyjyny goldap, ýurdumyzyň edaralaryndan, guramalaryndan, kärhanalaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan, okuw mekdeplerinden we raýatlarymyzdan gelip gowuşýan köp sanly teklipleri nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
2017-nji ýyly «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 5-nji ýanwary.
№ 489-V.