Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medalyny döretmek hakynda

 

 

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

 

 

 

Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow»

medalyny döretmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 117-madda)

Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda köp ýyllaryň dowamynda çeken döredijilikli, halal, päk ýürekli we nusgalyk zähmeti, göreldeli gullugy, asylly ahlak sypatlary bilen watansöýüjiligiň, halka, Watana hyzmat etmegiň belent nusgasyny görkezen, jemgyýetde uly abraýa mynasyp bolan, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmekde, jemgyýetçilik tertibini goramakda we jenaýatçylyga garşy göreşmekde gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirip, gullukda aýratyn tapawutlanan, ykrar edilen ajaýyp döredijilik üstünlikleri, ýokary ussatlygy, hünär ezberligi we beýleki häsiýetleri bilen içeri işler edaralarynyň işgärlerine görelde mekdebi bolan içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň geçen göreldeli zähmet we gulluk ýoluna mynasyp baha bermek maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň we hormatly weteranlarynyň köp sanly haýyşlaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasynyň 9-njy bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi  k a r a r  e d ý ä r :

1. Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medalyny döretmeli.

2. Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medalynyň Düzgünnamasyny we Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

 

 

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy                                 A.Nurberdiýewa

 

 

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 26-njy awgusty.

№ 610-V.

 

Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medalynyň

DÜZGÜNNAMASY

 

1. Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagy bolup, ol Watanymyzyň goranmak ukybyny berkitmekde, jemgyýetçilik tertibini goramakda we jenaýatçylyga garşy göreşmekde gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirip, gullukda aýratyn tapawutlanan adamlary sylaglamak maksady bilen döredildi.

  2. Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly bilen:

Türkmenistanyň Prezidentiniň döwletiň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, howpsuzlygy üpjün etmek, jemgyýetçilik tertibini gorap saklamak we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky syýasatyny durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin;

harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylarynyň gulluk borçlaryny göreldeli, birkemsiz ýerine ýetirenligi we söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazananlygy üçin, bitiren aýratyn hyzmatlary we ýokary şahsy görkezijileri üçin; 

ýurdy goramakda görkezen aýratyn edermenligi, goşan uly şahsy goşandy, jany üçin töwekgellik etmek bilen hukuk tertibini goramakda görkezen aýratyn batyrlygy we edermenligi üçin;

ýörite tabşyryklary göreldeli ýerine ýetirmekde görkezen aýratyn gaýduwsyzlygy we mertligi üçin harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, gullukçylary, beýleki işgärleri hem-de weteranlary sylaglanylýar.

  3. Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Watanymyzyň goranmak ukybyny berkitmekde, jemgyýetçilik tertibini goramakda, şeýle hem jenaýatçylyga garşy göreşmekde Türkmenistanyň öňünde uly hyzmatlary bitiren we aýratyn tapawutlanan adamlar hem sylaglanyp bilner.

4. Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly bilen sylaglanylan adamlara Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly we onuň şahadatnamasy gowşurylýar.

5. Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly bilen sylaglanan adamlara ortaça aýlyk zähmet hakynyň bäş essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenýär we olar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medalynyň

ÝAZGYSY

 

Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly gymmat bahaly daşlar bilen bezelen sekizburçly ýyldyz görnüşindedir.

Medalyň umumy diametri 46 mm bolan sekizburçlugyň içinde diametri 38 mm bolan, daş-töweregi 96 sany ak reňkli sirkoniý daşlary bilen jäheklenen ikinji sekizburçluk ýerleşdirilen. Içki sekizburçlugyň her burçunda bolsa gün şöhlesi şekillendirilip, burçlarynyň her birisi ýaşyl reňkli bir sany zümerret daşy bilen bezelen.

Medalyň merkezi böleginde umumy diametri 30 mm bolan  tegelekleriň ikisi ýerleşdirilen, diametri 22 mm bolan içki tegelegiň ýerliginde altyn çaýylan Gün şöhleleri şekillendirilen we Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda köp ýyllaryň dowamynda göreldeli gulluk eden, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň 750 mähekli altyndan ýerine ýetirilen güberçek görnüşli barelýef şekili ýerleşdirilen.

  Medalyň içki tegeleginiň daşynda ini 4 mm bolan ýaşyl reňk bilen syrçalanan tegelek halkanyň ýokarky böleginde «MÄLIKGULY BERDIMUHAMEDOW» diýen altyn çaýylan ýazgy, aşaky böleginde bolsa, parahatçylygyň nyşany bolan iki tarapa ýaýrap gidýän altyn çaýylan zeýtun şahalary ýerleşdirilen.

  Medal halkajyk arkaly ini 27 mm, beýikligi 16 mm bolan            daş-töweregi altyn çaýylyp jäheklenen ýaşyl reňkli mata bilen örtülen kolodka birikdirilýär. Kolodkanyň merkezinde altyn çaýylan ini 11 mm, beýikligi 12 mm bolan galkan we onuň arkasynda ýerleşdirilen 2 sany gylyç şekillendirilen, gylyçlaryň eltutarlarynyň şekilleriniň arasynda bolsa, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekili ýerleşdirilen.

Medalyň arka tarapynyň aşaky böleginde aýlaw görnüşde «WATANA BOLAN SÖÝGI IŇ BEÝIK SÖÝGÜDIR!» diýen ýazgy, onuň ýokarysynda bolsa, umumy beýikligi 17 mm bolan şekil, ýagny iki tarapa ýaýrap gidýän zeýtun şahalarynyň arasynda galkan we onuň arkasynda ýerleşdirilen 2 sany gylyç şekillendirilen, gylyçlaryň eltutarlarynyň şekilleriniň arasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekili ýerleşdirilen.

Medalyň kolodkasynyň arkasynda medaly geýime dakmak üçin uzynlygy 18 mm bolan ildirgiç bar.

Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly we onuň kolodkasy 925 mähekli kümüşden altyn çaýylyp ýasalýar.