Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň
arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda
Şertnamany tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 120-madda)
«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda 2017-nji ýylyň 6-njy martynda Aşgabat şäherinde gol çekilen Şertnamany tassyklamaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 26-njy awgusty.
№ 612-V.