Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Parlamentara Bileleşigine agzalyga girmek we
Türkmenistanyň Mejlisiniň Parlamentara Bileleşigindäki
Milli parlament toparyny döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 118-nji madda)
(09.06.2018 ý. № 63-VI Türkmenistanyň Mejlisiniň, 22.05.2021 ý. № 393-VI Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň we 22.04.2023 ý. № 16-VII Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ynsanperwer içeri we parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasaty bütin dünýäde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma döredip, Türkmenistanyň Mejlisine köpsanly halkara guramalaryndan, parlament assambleýalaryndan, dürli ýurtlaryň parlamentlerinden, dowam edýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek barada teklipler gelip gowuşýar.
Milli Liderimiziň halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek, beýleki ýurtlaryň parlamentleri we parlamentarileri bilen aragatnaşygy ýola goýmak hem-de tejribe alyşmak maksady bilen, şeýle hem parlament derejesindäki halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşmaga we Parlamentara Bileleşiginiň Tertipnamasyna laýyklykda onuň maksatlaryna goşulmaga isleg bildirip, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
1. Parlamentara Bileleşiginiň agzalygyna girmeli.
2. TürkmenistanyňMejlisiniň Parlamentara Bileleşigindäki Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryndan ybarat Milli parlament toparyny şu düzümde döretmeli:
Gulmanowa Dünýägözel Akmuhammedowna ‒ Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, toparyň ýolbaşçysy;
Rozyýew Gahryman Öwlýakulyýewiç – Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary;
Eşşäýew Ýusupguly Aşyrgulyýewiç ‒ Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy;
Baýlyýew Batyr Orazdurdyýewiç – Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy;
Muhamedow Begmurat Rahmangulyýewiç – Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy;
Ataýewa Enejan Meredowna ‒ Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 26-njy awgusty.
№ 611-V.