Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Ýaragly çaknyşyklar mahalynda medeni gymmatlyklary
goramak hakynda Konwensiýa hem-de oňa degişli
1954-nji we 1999-njy ýyllaryň Teswirnamalaryna
goşulmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 153-madda)
«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi
k a r a r e d ý ä r :
Ýaragly çaknyşyklar mahalynda medeni gymmatlyklary goramak hakynda 1954-nji ýylyň 14-nji maýynda Gaaga şäherinde gol çekilen Konwensiýa hem-de oňa degişli 1954-nji we 1999-njy ýyllaryň Teswirnamalaryna goşulmaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 4-nji noýabry.
№ 642-V.