Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň
arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda
Şertnamany tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 181-madda)
«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi
k a r a r e d ý ä r :
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde gol çekilen Şertnamany tassyklamaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 25-nji noýabry.
№ 671-V.