Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

2016-njy ýyly «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýip yglan etmek hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

 

2016-njy ýyly «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýip yglan etmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 1-madda)

 

Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň agzybir halky şan-şöhrata beslenen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyny ähli ugurlar boýunça üstünlikli tamamlamak bilen, 2016-njy ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam basdy. Geçen ýyl ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen wakalar mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha berkeýändigini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň günsaýyn ýokarlanýandygyny, döwletimiziň halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyny görkezdi. 

Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda amala aşyrylan beýik işler, ýetilen täze sepgitler, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllyk senesi mynasybetli geçirilen halkara çäreleri Türkmenistanyň  ösüşinde öz mynasyp ornuny eýelemek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda ägirt uly tagallalary durmuşa geçirýän döwlet hökmünde ykrar edilýändiginiň subutnamasy boldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen beýik başlangyçlaryň netijesinde ýurdumyzda uly üstünlikler gazanylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen beýik işler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň bardygyna, ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda özboluşly ajaýyp medeniýetini we onuň aýrylmaz bölegi bolan milli mirasyny saklap hem-de ösdürip gelipdir. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gadymy Nusaýyň, Merwiň we Köneürgenjiň taryhy-arheologik ýadygärlikleri türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň bolandygyna şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň «Görogly» şadessanynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi geçen ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy.

Gahryman Prezidentimiz milli mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi barada uly aladalar edýär. Ýurdumyzda gadymy şäherlerimiziň, beýik türkmen alymlarynyň, filosoflarynyň, şahyrlarynyň mirasyny öwrenmäge bagyşlanan halkara maslahatlary, halkara aýdym-saz, teatr, folklor, kino we çagalar döredijiligi hem-de başga birnäçe festiwallary, Medeniýet hepdeligini geçirmek däbe öwrüldi, tutuş ýurdumyz dürli ýurtlaryň Medeniýet günleriniň, Kino günleriniň, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergileriniň, beýleki döredijilik çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesine eýe bolmagy, 2016-njy ýylda Daşoguz şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni merkezi diýlip yglan edilmegi goňşy ýurtlar bilen dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga itergi berýär.

Milli Liderimiziň 2016-njy ýyly «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýip atlandyrmak baradaky teklibi ähli halkymyz bilen bilelikde döredijilik, sungat, medeniýet işgärleriniň hem buýsançly başyny göge ýetirdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny has-da şöhratlandyrmak, Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda gazanylan üstünlikleri, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň umumadamzat ähmiýetini giňden ýaýmak, milli mirasymyza sarpa goýmak arkaly eziz Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny giňden bellemek, amala aşyrylýan ägirt uly taslamalaryň we taryhy maksatnamalaryň ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýyly «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýip atlandyrmak hakyndaky teklibini biragyzdan goldap, şeýle hem döredijilik işgärleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň we ýurdumyzyň raýatlarynyň isleg-arzuwlaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi      k a r a r  e d ý ä r :

2016-njy ýyly «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýip yglan etmeli.

 

 

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy                                             A.Nurberdiýewa

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 4-nji ýanwary.

№ 316-V.