Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny
aradan aýyrmak barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen
Finlýandiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky
Ylalaşygy tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 19-madda)
«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi
k a r a r e d ý ä r :
Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Finlýandiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde gol çekilen Ylalaşygy tassyklamaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 12-nji ýanwary.
№ 334-V.