Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda Kärizek geňeşligini döretmek hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

 

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda

Kärizek geňeşligini döretmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 21-madda)

 

Ahal welaýatynyň hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimlikleriniň towakganamalaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi  

k a r a r  e d ý ä r :

1. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda Kärizek geňeşligini döretmeli. 

2. Gökdepe etrabynyň Gorjaw geňeşliginiň Aba Annaýew obasyny Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň düzümine geçirmeli hem-de mundan beýläk «Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasy» diýip atlandyrmaly. 

Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasyny geňeşligiň edara ediş merkezi edip bellemeli.

 

3-nji bölek - 18.06.2016 ý. № 422-V Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary esasynda güýjüni ýitiren.

4. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.

 

 

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy                                           A.Nurberdiýewa

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 12-nji ýanwary.

№ 336-V.