Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän
Halkara atçylyk sport toplumynyň adyny üýtgetmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 22-madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň okgunly ösüşiniň baş nyşanyny alamatlandyrýan ahalteke bedewleri häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň we türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrüldi.
Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratyny belende galdyrmakda ägirt uly tagalla edýär we bu pudagy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, milli atçylyk sportuny we at çapyşygynyň asylly ýörelgelerini wagyz etmekde, şeýle hem atşynaslaryň, seýisleriň gowy şertlerde zähmet çekmeklerini, olaryň döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Täze aýlawlar, atçylyk sport toplumlary yzygiderli gurulýar. Ýurdumyzda atçylyk sportunyň ösdürilmegi, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň giňden wagyz edilmegi ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler özüniň oňyn netijelerini berýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Hytaýda geçirilen II Halkara Sirk sungaty festiwalynyň Baş Gran-pri Altyn kubogyna eýe bolmagy hem muny doly subut edýär.
Türkmen halkynyň gadymy atçylyk sungatyny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň tohumynyň arassalygyny gorap saklamak we nesilden-nesle geçirmek babatda amala aşyrylýan işlerden ugur alyp, şeýle hem ýurdumyzyň atşynaslarynyň hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň işgärleriniň towakganamasyny kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän Halkara atçylyk sport toplumynyň adyny üýtgedip, ony «Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy» diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 12-nji ýanwary.
№ 337-V.