Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Aşgabat şäheriniň hem-de Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk meseleleri hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

 

Aşgabat şäheriniň hem-de Ahal welaýatynyň

dolandyryş-çäk meseleleri hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 82-madda)

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň durmuş ulgamyna ugrukdyrylandygyny alamatlandyrýan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelýän döwrebap şäherçeleriň, ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň, medeniýet edaralarynyň, sport toplumlarynyň, ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş edaralarynyň, durmuş maksatly beýleki desgalaryň gurulmagy bilen ýurdumyzyň şäherleri, şäherçeleri we obalary gün-günden abadanlaşyp, düýpgöter täze keşbe girýär.

Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Baş Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalary we desgalary häzirki zaman şäher binagärliginiň talaplaryna görä ýerleşdirmek, Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek maksady bilen hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň               63-nji maddasynyň 11-nji bendine laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi 

 k a r a r  e d ý ä r :

1. Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň dolandyryş çäginden              7080 ga ýeri şu kararyň 1-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda Aşgabat şäheriniň dolandyryş çägine geçirmeli hem-de 1-nji goşundyda görkezilen dolandyryş çäklerde ýerleşýän Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň Gülzada, Täze zaman obalarynyň çäkleriniň Aşgabat şäherine goşulandygy sebäpli, bu obalary ilatly ýerleriň hasabyndan çykarmaly.

2. Ahal welaýatynyň Derweze etrabyny ýatyrmaly hem-de onuň dolandyryş çäginiň ýerlerini we dolandyryş-çäk birliklerini aşakdaky tertipde etraplara geçirmeli:

1) Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň gündogar tarapyndaky meýdany 1377206 ga ýerleri;

Bokurdak şäherçesini we onuň tabynlygyndaky Bussy, Çalyş, Çürçüri, Eşeksiýen, Garaberdi, Gargalaňdiňlisi, Garryja, Gowşakgyzyltakyr, Myllygyzyltakyr, Namart, Oraz, Ýerbent obalaryny, Derweze şäherçesiniň tabynlygyndaky Bükri, Diňli, Gamyşly, Gyzyltakyr, Kükürtli, Sakarçäge, Sözenli obalaryny, Owadandepe geňeşliginiň Ganly, Göbekli, Gaplaň, Garadamak, Garagum, Oýukly, Toraňňyly, Tozanly obalaryny Ak bugdaý etrabynyň düzümine geçirmeli.

2) Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň demirgazyk-günbatar tarapyndaky meýdany 555062 ga ýerleri hem-de Aşgabat şäheriniň günorta tarapyndaky (Köpetdag etegindäki) meýdany 63540 ga ýerleri;

Owadandepe geňeşligini we onuň düzümindäki Artykhoja, G.Orazow adyndaky, Nedir, Porsyguýy, Şapy, Talhanly, Ýandakly obalaryny, Bokurdak şäherçesiniň tabynlygyndaky Çaran, Garaajy, Mämmetýar, Sowma, Syplaňgyzyltakyr, Derweze şäherçesiniň tabynlygyndaky Aeroport, Ataguýy, Böri obalaryny Gökdepe etrabynyň düzümine geçirmeli.

3) Derweze etrabynyň Derweze şäherçesini ilatly ýerleriň hasabyndan çykarmaly.

3. Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyny ýatyrmaly hem-de onuň dolandyryş çäginiň ýerlerini we dolandyryş-çäk birliklerini Tejen etrabyna geçirmeli.

4. Şu geňeşlikleri we obalary Ahal welaýatynyň düzümine geçirmeli:

1) Daşoguz welaýatynyň S.Nyýazow adyndaky etrabynyň Garaköli geňeşliginiň Sözenli obasyny hem-de Görogly etrabynyň Garagum geňeşliginiň Gamyşly obasyny Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň düzümine geçirmeli.

2) Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Garagum geňeşliginiň Akmolla, Böwrideşik, Mürzeçyrla obalaryny Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Adalat geňeşliginiň düzümine geçirmeli.

3) Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Günhan geňeşligini we onuň düzümindäki Gurban Durdy, Galkynyş obalaryny Altyn asyr etrabynyň düzümine geçirmeli we Oguzhan etrabynyň Ýyldyzhan geňeşliginiň Däneçilik obasyny Günhan geňeşliginiň düzümine geçirmeli hem-de Günhan geňeşliginiň adyny üýtgedip, oňa Gurban Durdy adyny dakmaly;

4) Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Aýhan geňeşligini we onuň düzümindäki Ýeňiş, Parahatçylyk obalaryny Sarahs etrabynyň düzümine geçirmeli, Oguzhan etrabynyň Daghan geňeşliginiň Ak altyn obasyny Aýhan geňeşliginiň düzümine geçirmeli hem-de Aýhan geňeşliginiň adyny üýtgedip, oňa Parahatçylyk adyny dakmaly, Oguzhan etrabynyň Gökhan geňeşligini we onuň düzümindäki Gökhan, Watan, Zähmet obalaryny Sarahs etrabynyň düzümine geçirmeli hem-de Gökhan geňeşliginiň adyny üýtgedip, oňa Bagtyýarlyk adyny dakmaly.

5. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Kaka şäherçesine etrap hukukly şäher derejesini bermeli.

6. Şu şäherçelere etrapdaky şäher derejesini bermeli:

1) Altyn asyr etrabynyň Altyn asyr şäherçesine;

2) Tejen etrabynyň Babadaýhan şäherçesine;

3) Sarahs etrabynyň Sarahs şäherçesine.

7. Şu obalara şäherçe derejesini bermeli:

1) Baharly etrabynyň Arçman geňeşliginiň Arçman obasyna;

2) Gökdepe etrabynyň Yzgant geňeşliginiň Yzgant obasyna;

3) Tejen etrabynyň Berkarar geňeşliginiň Berkarar obasyna.

8. Şu geňeşlikleri döretmeli:

1) Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Bereketli geňeşligini döretmeli hem-de etrabyň Bükri, Diňli, Gamyşly, Gyzyltakyr, Kükürtli, Sakarçäge, Sözenli, Gamyşly, Sözenli obalaryny Bereketli geňeşliginiň düzümine geçirmeli we Bükri obasyny şu geňeşligiň edara ediş merkezi diýip bellemeli;

2) Gökdepe etrabynda Derweze geňeşligini döretmeli hem-de etrabyň Aeroport, Ataguýy, Böri obalaryny Derweze geňeşliginiň düzümine geçirmeli we Aeroport obasyny şu geňeşligiň edara ediş merkezi diýip bellemeli.

9. Şu ilatly ýerlere oba derejesini bermeli:

1) Gökdepe etrabynda gum içindäki ilatly ýere oba derejesini bermeli we oňa Orazsähet adyny dakmaly hem-de Orazsähet obasyny Türkmenistan geňeşliginiň düzümine goşmaly;

2) Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň pagtaçylyk zolagynda dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermeli we olara Agzybirlik, Berkarar, Oraz salyr, Rysgally adyny dakmaly hem-de bu obalary Kiçiaga geňeşliginiň düzümine, Gözli ata, Salyr, Teke han adyny dakmaly hem-de bu obalary  Galkynyş geňeşliginiň düzümine goşmaly.

10. Şu ilatly ýerleri ýanaşyk ýerleşýän ilatly ýerlere birleşdirmeli:

1) Gökdepe etrabynyň Ýaňgala geňeşliginiň Gamyşly obasyny Gökdepe şäherine;

2) Kaka etrabynyň Onbegi geňeşliginiň Onbegi obasyny we Ýüzbaşy geňeşliginiň Ýüzbaşy obasyny Kaka şäherine;

3) Tejen etrabynyň Watan geňeşliginiň Watan obasyny Babadaýhan şäherine;

4) Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň Harby şäherçe obasyny, Kiçiaga geňeşliginiň Kiçiaga obasyny Sarahs şäherine.

5) Baharly etrabynyň Arçman geňeşliginiň Arçman şypahanasy we Täzeoba obalaryny Arçman şäherçesine;

6) Gökdepe etrabynyň Yzgant geňeşliginiň Azat Türkmenistan obasyny Yzgant şäherçesine;

7) Ak bugdaý etrabynyň Sözenli obasyny Bereketli geňeşliginiň Sözenli obasyna, Bokurdak şäherçesiniň Myllygyzyltakyr obasyny Gowşakgyzyltakyr obasyna;

8) Tejen etrabynyň Agalaň geňeşliginiň Agalaň obasyny Ezizhan obasyna.

11. Şu ilatly ýerleri şäherleriň, şäherçeleriň dolandyryş tabynlygyna geçirmeli:

1) Kaka etrabynyň Arapgala geňeşliginiň Hywaabat obasyny Ahal welaýatynyň Kaka şäheriniň dolandyryş tabynlygyna;

2) Ak bugdaý etrabynyň Ganly, Göbekli, Oýukly obalaryny, Gämi geňeşliginiň Gyzylsakgal, Kelleli, Garadamak geňeşliginiň Goşalar, Garryçyrla, Gazykly, Dawaly, Hajyguly, Kerpiçli, Mollagurban, Töwekgel obalaryny Bokurdak şäherçesiniň tabynlygyna, Balykçy geňeşliginiň Aksuw obasyny Ýaşlyk şäherçesiniň, Balykçy obasyny Berkarar şäherçesiniň, Gämi geňeşliginiň Kasamly jülge obasyny Bagabat şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna;

3) Baharly etrabynyň Keletdag geňeşliginiň Keletdag we Arçman bekedi obalaryny Arçman şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna;

4) Gökdepe etrabynyň Çaran, Garaajy, Mämmetýar, Sowma obalaryny Yzgant şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna.

12. Şu obalary bir geňeşlikden beýleki geňeşligiň düzümine geçirmeli:

1) Ak bugdaý etrabynyň Gaplaň, Garadamak, Garagum, Toraňňyly, Tozanly obalaryny, Bugdaýly geňeşliginiň Körçaý obasyny, Gämi geňeşliginiň Öňaldy, Narly, Kesikburun obalaryny Garadamak geňeşliginiň düzümine, Gämi geňeşliginiň Giňoý, Gyzylgöz obalaryny Täzedurmuş geňeşliginiň düzümine, Gämi geňeşliginiň Täzeoba obasyny we Garadamak geňeşliginiň Gysy obasyny Sähra geňeşliginiň düzümine, Garadamak geňeşliginiň Guryhowdan obasyny Gäwers geňeşliginiň düzümine;

2) Gökdepe etrabynyň Syplaňgyzyltakyr obasyny, Babaarap geňeşliginiň Gatydüýp obasyny, Kelejar geňeşliginiň Goşatakyr obasyny, Köpetdag geňeşliginiň Gutlyaýak obasyny, Täze eýýam geňeşliginiň Gorýa obasyny Ahal geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

3) Kaka etrabynyň Arapgala geňeşliginiň Köpguýy obasyny, Harçiňňän geňeşliginiň Hümmetli hem-de Kyrkguýy obalaryny Mehinli geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

4) Sarahs etrabynyň Çalja geňeşliginiň Çalja obasyny Galkynyş geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

5) Tejen etrabynyň Bitaraplyk geňeşliginiň Ajyköl obasyny Adalat geňeşliginiň düzümine, Serdar geňeşliginiň Serdar obasyny Zaman geňeşliginiň düzümine geçirmeli.

13. Şu dolandyryş-çäk düzümleriniň we ilatly ýerleriniň adyny üýtgetmeli:

1) Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Berkarar şäherçesiniň adyny üýtgedip, oňa Bagtyýarlyk adyny dakmaly;

2) Ak bugdaý etrabynyň Garadamak geňeşliginiň adyny üýtgedip, oňa Öňaldy adyny dakmaly;

3) Ak bugdaý etrabynyň Sähra geňeşliginiň Gäwers obasynyň adyny üýtgedip, oňa Gypjak adyny, Öňaldy geňeşliginiň Garagum obasynyň adyny üýtgedip, oňa Nazarly adyny, Bereketli geňeşliginiň Gamyşly obasynyň adyny üýtgedip, oňa Borjakly adyny, Bokurdak şäherçesiniň Ganly obasynyň adyny üýtgedip, oňa Güneşli adyny, Eşeksiýen obasynyň adyny üýtgedip, oňa Düýeli adyny, Namart obasynyň adyny üýtgedip, oňa Gujurly adyny dakmaly. 

4) Gökdepe etrabynyň Aeroport obasynyň adyny üýtgedip, oňa Derweze adyny, Owadandepe geňeşliginiň Porsyguýy obasynyň adyny üýtgedip, oňa Sähra adyny dakmaly;

14. Şu dolandyryş-çäk düzümleriniň edara ediş merkezlerini başga ýere geçirmeli: 

1) Tejen etrabynyň edara ediş merkezini Bagtyýarlyk şäherçesine;

2) Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň edara ediş merkezini Öňaldy obasyna;

3) Sarahs etrabynyň Kiçiaga geňeşliginiň edara ediş merkezini Agzybirlik obasyna;

4) Tejen etrabynyň Agalaň geňeşliginiň edara ediş merkezini Ezizhan obasyna geçirmeli.

15. Şu obalary ilatly ýerleriň hasabyndan çykarmaly:

1) Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesiniň Myllygyzyltakyr, Öňaldy geňeşliginiň Şeýtan, Gämi geňeşliginiň Akerkekli, Bereketli geňeşliginiň Sözenli obalaryny;

2) Altyn asyr etrabynyň Ak bugdaý geňeşliginiň Ak bugdaý, Altyn asyr geňeşliginiň Altyn asyr, Altyn halka geňeşliginiň Altyn halka, Döwletli geňeşliginiň 72-nji duralga, 73-nji duralga obalaryny;

3) Baharly etrabynyň Arçman geňeşliginiň Arçman, Arçman şypahanasy, Täzeoba obalaryny;

4) Gökdepe etrabynyň Yzgant geňeşliginiň Yzgant, Azat Türkmenistan, Ýaňgala geňeşliginiň Gamyşly, Germaw, Köpetdag geňeşliginiň Köpetdag, Şorgala geňeşliginiň Haýyr, Gatydüýp, Işan, Şähetnyýaz, Tagan Baýramdurdyýew adyndaky geňeşliginiň Akýalpak, Gadamhan, Köwreýikli, Gorjaw geňeşliginiň Gökdere obalaryny;

5) Kaka etrabynyň Onbegi geňeşliginiň Onbegi we Ýüzbaşy geňeşliginiň Ýüzbaşy, Garahan geňeşliginiň Armansagat, 79-njy duralga, 80-nji duralga obalaryny;

6) Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň Harby şäherçe, Kiçiaga geňeşliginiň Kiçiaga, Käriz, Aşgabat geňeşliginiň Täzeguýy, Hanýap geňeşliginiň Kesikburun obalaryny; 

7) Tejen etrabynyň Agalaň geňeşliginiň Agalaň, Berkarar geňeşliginiň Berkarar, Watan geňeşliginiň Watan obalaryny.

16. Şu geňeşlikleri ýatyrmaly we dolandyryş-çäk düzümleriniň hasabyndan çykarmaly:

1) Ak bugdaý etrabynyň Balykçy geňeşligini;

2) Altyn asyr etrabynyň Altyn asyr, Altyn halka, Ak bugdaý geňeşliklerini;

3) Baharly etrabynyň Arçman, Keletdag geňeşliklerini;

4) Gökdepe etrabynyň Yzgant geňeşligini;

5) Kaka etrabynyň Onbegi, Ýüzbaşy geňeşliklerini;

6) Sarahs etrabynyň Çalja geňeşligini;

7) Tejen etrabynyň Berkarar, Watan, Serdar  geňeşliklerini.

17. Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň dolandyryş çäginden   şu kararyň 2-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda jemi 24900 ga ýeri Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň dolandyryş çägine geçirmeli.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň dolandyryş çäginden 3-nji goşundydaky çyzga laýyklykda jemi 15077 ga ýeri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň dolandyryş çägine geçirmeli.

18. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

19. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna şu karardan gelip çykýan degişli üýtgetmeleri girizmeli. 

20. Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birliklerine degişli üýtgetmeleri girizmek bilen baglylykda degişli halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny olaryň saýlanan wagtynda kanunlarda bellenen möhletiň dowamynda saklap galmaly.

 

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň

Başlygynyň orunbasary                                             G.Baýramowa

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 28-nji apreli.

№ 397-V.