Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Balkan welaýatynyň dolandyryş-çäk meseleleri
hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 87-madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň şäherlerinde, şäherçelerinde we obalarynda durmuş-ykdysady infrastrukturany mundan beýläk hem ösdürmek boýunça amala aşyrylýan syýasatyň netijesinde halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagynyň üpjün edilmegi üçin giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Döwletimizde durmuşa geçirilýän dolandyryş-çäk özgertmeleriniň çäginde Balkan welaýatynyň ilatly ýerlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de welaýatyň dolandyryş-çäk gurluşyny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, ýaşaýyş jaýlaryny we dürli maksatly binalary, desgalary häzirki zaman talaplaryna laýyklykda ýerleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi
k a r a r e d ý ä r :
1. Balkan welaýatynyň:
a) Balkanabat şäheriniň ýerlerinden 261877 ga, Gumdag şäheriniň ýerlerinden 60235 ga ýeri şu kararyň 1-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda Esenguly etrabynyň dolandyryş çägine;
b) Türkmenbaşy etrabynyň ýerlerinden 587673 ga, Bereket etrabynyň ýerlerinden 173528 ga ýeri şu kararyň 2-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda Serdar etrabynyň dolandyryş çägine;
ç) Serdar etrabynyň ýerlerinden 4874,46 ga ýeri Serdar şäheriniň dolandyryş çägine geçirmeli.
2. Şu şäherçelere etrapdaky şäher derejesini bermeli:
1) Esenguly etrabynyň Esenguly şäherçesine;
2) Etrek etrabynyň Etrek şäherçesine;
3) Magtymguly etrabynyň Magtymguly şäherçesine.
3. Serdar etrabynyň Janahyr geňeşliginiň Janahyr obasyna şäherçe derejesini bermeli.
4. Şu ilatly ýerleri ýanaşyk ýerleşýän degişli ilatly ýerlere birleşdirmeli:
1) Bereket etrabynyň:
Gurbanmämmet geňeşliginiň Gazanjyk obasyny Bereket şäherine;
S.A.Nyýzow adyndaky geňeşliginiň Garagum obasyny Bereket şäherine;
Ýasga geňeşliginiň Balkan obasyny Bereket şäherine;
2) Etrek etrabynyň Baýathajy geňeşliginiň Baýathajy obasyny Etrek şäherine;
3) Magtymguly etrabynyň Akkel geňeşliginiň Akkel obasyny Magtymguly şäherine;
4) Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şaherçesiniň dolandyryş tabynlygyndaky Gyýanly obasyny Guwlymaýak şäherçesine;
5) Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň Saganly obasyny Balkanabat şäherine.
5. Şu ilatly ýerleri degişli şäherleriň, şäherçeleriň dolandyryş tabynlygyna geçirmeli:
1) Magtymguly etrabynyň Akkel geňeşliginiň Gyzyl obasyny Magtymguly şäheriniň dolandyryş tabynlygyna;
2) Serdar etrabynyň Arkaç geňeşliginiň Arkaç obasyny Janahyr şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna;
3) Türkmenbaşy etrabynyň Oglanly geňeşliginiň Oglanly obasyny, Akguýy geňeşliginiň Hudaýberdi obasyny Oglanly şäherçesiniň, Hasan geňeşliginiň Hasan, Sülmen obalaryny Türkmenbaşy şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna.
6. Balkanabat şäheriniň Oglanly şäherçesini Türkmenbaşy etrabynyň düzümine geçirmeli.
7. Türkmenbaşy şäheriniň Kenar şäherçesini ýatyrmaly we ony ilatly ýerleriň hasabyndan çykarmaly.
Kenar şäherçesiniň Geňeşiniň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmaly.
8. Şu obalary bir geňeşlikden degişlilikde beýleki geňeşligiň düzümine geçirmeli:
1) Bereket etrabynyň Däneata geňeşliginiň Ajyguýy obasyny, Gurbanmämmet geňeşliginiň Burgun, Düwünçi obalaryny, Oboý geňeşliginiň Kiçijikýazy obasyny, S.A.Nyýazow adyndaky geňeşligiň Jemal obasyny Ýasga geňeşliginiň düzümine, Gurbanmämmet geňeşliginiň Öýleguşluk obasyny Gulmaç geňeşliginiň düzümine, Türkmenistan obasyny S.A.Nyýazow adyndaky geňeşligiň düzümine, Ýasga geňeşliginiň Akjaguýma, Aýdyň, Arkaç, Çitli obalaryny Oboý geňeşliginiň düzümine;
2) Serdar etrabynyň Hasar geňeşliginiň Hasar obasyny, Hojagala geňeşliginiň Şatlyk obasyny Azady adyndaky geňeşligiň düzümine, Purnuwar geňeşliginiň Tutly, Ýalkym obalaryny, Janahyr geňeşliginiň Garabogaz obasyny Arkaç geňeşliginiň düzümine;
3) Türkmenbaşy etrabynyň Awlamyş geňeşliginiň Awlamyş, Tüwer obalaryny Çagyl geňeşliginiň düzümine, Ybyk obasyny, Oglanly geňeşliginiň Gürje obasyny Goşaoba geňeşliginiň düzümine, Oglanly geňeşliginiň Irikli obasyny Akguýy geňeşliginiň düzümine.
9. Serdar etrabynyň Arkaç geňeşliginiň edara ediş merkezini Garabogaz obasyna geçirmeli.
10. Şu obalary degişli ilatly ýerleriň hasabyndan çykarmaly:
1) Bereket etrabynyň Gurbanmämmet geňeşliginiň Gazanjyk, S.A.Nyýazow adyndaky geňeşliginiň Garagum, Ýasga geňeşliginiň Balkan obalaryny;
2) Esenguly etrabynyň Ajyýap geňeşliginiň Gurruk, Bugdaýly geňeşliginiň Çukurguýy, Garadegiş geňeşliginiň Garajabatyr obalaryny;
3) Etrek etrabynyň Baýathajy geňeşliginiň Baýathajy, Akýaýla geňeşliginiň Ödeý obalaryny;
4) Magtymguly etrabynyň Akkel geňeşliginiň Akkel obasyny;
5) Serdar etrabynyň Janahyr geňeşliginiň Janahyr, Purnuwar geňeşliginiň Çemenli, Mämili obalaryny;
6) Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyndaky Gyýanly, Goşaoba geňeşliginiň Ýazyegşem obalaryny;
7) Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyndaky Saganly, 124-nji duralga obalaryny.
11. Şu geňeşlikleri ýatyrmaly we degişli dolandyryş-çäk düzümleriniň hasabyndan çykarmaly:
1) Bereket etrabynyň Gurbanmämmet geňeşligini;
2) Etrek etrabynyň Baýathajy geňeşligini;
3) Magtymguly etrabynyň Akkel geňeşligini;
4) Serdar etrabynyň Janahyr geňeşligini;
5) Türkmenbaşy etrabynyň Awlamyş, Hasan, Oglanly geňeşliklerini.
12. Garabogaz şäheriniň etrap hukukly şäher derejesini üýtgedip, oňa etrapdaky şäher derejesini bermeli we bu şäheri Türkmenbaşy etrabynyň düzümine geçirmeli.
Garabogaz şäher halk maslahatynyň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmaly.
13. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti Balkan welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde degişli dolandyryş çäkleriň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.
14. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky № 112-IV karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 36-njy madda).
15. Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birliklerine degişli üýtgetmeleriň girizilmegi bilen baglylykda degişli halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny olaryň saýlanan wagtynda kanunlarda bellenen möhletiň dowamynda saklap galmaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 19-njy maýy.
№ 403-V.