Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Daşoguz welaýatynyň dolandyryş-çäk meseleleri
hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 90-madda)
Türkmenistanyň Prezidentiniň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň durmuş ulgamyna ugrukdyrylandygyny alamatlandyrýan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelýän döwrebap şäherçeleriň, ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň, medeniýet edaralarynyň, sport toplumlarynyň, ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş edaralarynyň, durmuş maksatly beýleki desgalaryň gurulmagy bilen ýurdumyzyň şäherleri, şäherçeleri we obalary gün-günden abadanlaşyp, düýpgöter täze keşbe girýär.
Daşoguz welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek maksady bilen hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasynyň 11-nji bendine laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi
k a r a r e d ý ä r :
1. Daşoguz welaýatynyň:
1) Akdepe etrabynyň ýerlerinden 96315 ga, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ýerlerinden 254561 ga ýeri şu kararyň 1-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň dolandyryş çägine;
2) Akdepe etrabynyň ýerlerinden 669658 ga, Boldumsaz etrabynyň ýerlerinden 96705 ga, Gubadag etrabynyň ýerlerinden 10894 ga, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň ýerlerinden 166262 ga, Köneürgenç etrabynyň ýerlerinden 29027 ga, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ýerlerinden 213391 ga ýeri şu kararyň 2-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda Ruhubelent etrabynyň dolandyryş çägine;
3) S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ýerlerinden 168 ga ýeri şu kararyň 3-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda Görogly etrabynyň dolandyryş çägine;
4) Görogly etrabynyň ýerlerinden 14774 ga ýeri şu kararyň 3-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň dolandyryş çägine;
5) Akdepe etrabynyň ýerlerinden 70047 ga, Boldumsaz etrabynyň ýerlerinden 522379 ga, Gubadag etrabynyň ýerlerinden 778876 ga, Köneürgenç etrabynyň ýerlerinden 14366 ga ýeri şu kararyň 4-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň dolandyryş çägine geçirmeli.
2. Şu şäherçelere etrapdaky şäher derejesini bermeli:
1) Akdepe etrabynyň Akdepe şäherçesine;
2) Boldumsaz etrabynyň Boldumsaz şäherçesine;
3) Görogly etrabynyň Görogly şäherçesine;
4) Gubadag etrabynyň Gubadag şäherçesine;
5) Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Gurbansoltan eje adyndaky şäherçesine;
6) S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Nyýazow şäherçesine;
7) Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şäherçesine.
3. S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde döredilen ilatly ýereoba derejesini bermeli we oňa Bagtyýar zaman adyny dakmaly hem-de Bagtyýar zaman obasyny S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň düzümine goşmaly.
4. Şu obalary degişlilikde bir geňeşlikden beýleki degişli geňeşligiň düzümine geçirmeli:
1) Akdepe etrabynyň Täzeoba geňeşliginiň Gurbansoltan eje adyndaky we Üçagaç obalaryny Sähra geňeşliginiň düzümine;
2) Boldumsaz etrabynyň:
10 ýyl abadanlyk geňeşliginiň Bozajy obasyny Guwanç Atamedow adyndaky geňeşliginiň düzümine;
Guwanç Atamedow adyndaky geňeşliginiň Bozýer obasyny Zähmetkeş geňeşliginiň düzümine;
3) Gubadag etrabynyň Bereketli geňeşliginiň Diýarbekir obasyny Wasabat geňeşliginiň düzümine;
4) Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň:
Altyn toprak geňeşliginiň Bagşyly, Azatlyk obalaryny Sazanda geňeşliginiň düzümine;
Atamyrat aga geňeşliginiň Atamyrat aga obasyny Altyn asyr geňeşliginiň düzümine;
5) Köneürgenç etrabynyň:
Akgala geňeşliginiň Ikinji Was obasyny Watan geňeşliginiň, Maňgyr obasyny Magrupy adyndaky geňeşligiň düzümine;
Akgum geňeşliginiň Akgum, Boýraçy obalaryny Täzegüýç geňeşliginiň düzümine;
Şabende geňeşliginiň Täzeýer obasyny Magrupy adyndaky geňeşligiň düzümine;
6) Ruhubelent etrabynyň:
Şähribossan geňeşliginiň Şähribossan obasyny Diýarbekir geňeşliginiň düzümine;
Şasenem geňeşliginiň Şasenem, Gäwersgyr obalaryny Tünüderýa geňeşliginiň düzümine;
Oguzboýy geňeşliginiň Oguzboýy, Agzybirlik obalaryny Aşyk Aýdyň geňeşliginiň düzümine;
7) S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Altynýol geňeşliginiň Şatlyk obasyny Adalat geňeşliginiň düzümine;
8) Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň:
Baýram Taganow adyndaky geňeşliginiň Aýryçagyl obasyny Serdar geňeşliginiň düzümine;
Gallaçy geňeşliginiň Monjukly obasyny, Ruhubelent geňeşliginiň Zähmetkeş obasyny Bitaraplyk geňeşliginiň düzümine;
Ruhubelent geňeşliginiň Ruhubelent obasyny Gallaçy geňeşliginiň düzümine.
5. Şu geňeşlikleri we obalary bir etrapdan beýleki degişli etrabyň düzümine geçirmeli:
1) Akdepe etrabynyň:
Ýomut Durdyýew adyndaky geňeşligini we onuň Egriguýy obasyny, Zähmet geňeşligini we onuň Toprakgala, Çardere, Was, Wasgala obalaryny Ruhubelent etrabynyň düzümine;
2) Görogly etrabynyň Bedirkent geňeşligini we onuň Was, Oglanly obalaryny Ruhubelent etrabynyň düzümine;
3) Gubadag etrabynyň Wasabat geňeşligini we onuň Wasabat, Diýarbekir obalaryny Ruhubelent etrabynyň düzümine;
4) Köneürgenç etrabynyň:
Geňeş geňeşligini we onuň Geňeş, Agzybirlik, Çardere, Parahat obalaryny, Magrupy adyndaky geňeşligi we onuň Magrupy adyndaky, Maňgyr, Täzeýer obalaryny, Şabende geňeşligini we onuň Şabende, Çalymergen, Maňgyrabat obalaryny Ruhubelent etrabynyň düzümine;
5) S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Garaköli geňeşligini we onuň Yslam, Çaýyrly, Gyzyljaburun obalaryny Ruhubelent etrabynyň düzümine.
6. Şu ilatly ýerleri ýanaşyk ýerleşýän degişli ilatly ýerlere birleşdirmeli:
1) Akdepe etrabynyň Täzeoba geňeşliginiň Gazakýap, Dostluk, Täzeoba obalaryny Akdepe şäherine;
2) Boldumsaz etrabynyň 10 ýyl abadanlyk geňeşliginiň Baýjamergen, Bektemir, Dyşky, Gökleň, Uşagan obalaryny, Rowaçlyk geňeşliginiň Galkynyş obasyny Boldumsaz şäherine;
3) Görogly etrabynyň:
Magtymguly adyndaky geňeşliginiň Sazakly obasyny, Türkmenýoly geňeşliginiň Akderek, Polasoltan obalaryny Görogly şäherine;
Annagylyç Ataýew adyndaky geňeşliginiň Arabaçy obasyny Annagylyç Ataýew adyndaky obasyna;
Balyş Öwezow adyndaky geňeşliginiň Jykyrçy obasyny Wekilgala obasyna, Ýüzbaşy obasyny Işmaltapan obasyna;
Saparmyrat Nyýazow adyndaky geňeşliginiň Gyzylgum obasyny Ýaňyýap obasyna, Mirapgala obasyny Kyrkgyz obasyna;
4) Gubadag etrabynyň Gökçäge geňeşliginiň Döwgala obasyny Gökçäge obasyna;
5) Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň:
Altyn toprak geňeşliginiň Hazarasp obasyny, Nurmuhammet Andalyp adyndaky geňeşliginiň Garamergen, Depmeçi obalaryny Gurbansoltan eje adyndaky şäherine;
Ak altyn geňeşliginiň Sapaly obasyny Akja obasyna, Esrikgara obasyny Ak altyn obasyna, Kazy obasyny Gamyşlyk obasyna;
6) Köneürgenç etrabynyň Akgala geňeşliginiň Jelaýyr obasyny Köneürgenç şäherine;
7) Ruhubelent etrabynyň Tünüderýa geňeşliginiň Taýgyr obasyny Ruhubelent şäherçesine;
8) S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Şatlyk geňeşliginiň Azatlyk obasyny Nyýazow şäherine.
7. Şu geňeşlikleriň edara ediş merkezlerini başga oba geçirmeli:
1) Boldumsaz etrabynyň 10 ýyl abadanlyk geňeşliginiň edara ediş merkezini Mereke obasyna;
2) Görogly etrabynyň Türkmenýoly geňeşliginiň edara ediş merkezini Gökje obasyna.
8. Şu obalaryň atlaryny üýtgetmeli:
1) Akdepe etrabynyň:
Akdepe geňeşliginiň Göbekli obasynyň adyny üýtgedip, oňa Ýekederek adyny;
Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky geňeşligiň Şorumsa obasynyň adyny üýtgedip, oňa Galkynyş adyny;
Pagtaçylyk geňeşliginiň Itagyz obasynyň adyny üýtgedip, oňa Agzybirlik adyny;
Nowruz geňeşliginiň Kendirli obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bereket adyny;
Sazakly geňeşliginiň Pişikoý obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bitaraplyk adyny;
2) Boldumsaz etrabynyň:
Almalyk geňeşliginiň Myradek obasynyň adyny üýtgedip, oňa Almalyk, Güzer obasynyň adyny üýtgedip, oňa Türkmenistan, Çakmak obasynyň adyny üýtgedip, oňa Babadaýhan, Sokygaçyk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Dostluk, Söýünjajy obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bereketli, Tüwer obasynyň adyny üýtgedip, oňa Derýalyk, Ybykýap obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bitaraplyk adyny;
Aşgabat geňeşliginiň Orusýap obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bereket adyny;
Garaşsyzlyk geňeşliginiň Uwanyş obasynyň adyny üýtgedip, oňa Ruhubelent, Gökteý obasynyň adyny üýtgedip, oňa Altyn sähra, Juguldyk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Diýar, Ýemek obasynyň adyny üýtgedip, oňa Asudalyk adyny;
Medeniýet geňeşliginiň Çalwar obasynyň adyny üýtgedip, oňa Altyn zaman, Täzegoňrat obasynyň adyny üýtgedip, oňa Altyn toprak, Ogşuk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bagçylar adyny;
Rowaçlyk geňeşliginiň Köneporsy obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bagtyýarlyk adyny;
10 ýyl abadanlyk geňeşliginiň Geýenoba obasynyň adyny üýtgedip, oňa Berkararlyk, Homaý obasynyň adyny üýtgedip, oňa Watan, Maýda obasynyň adyny üýtgedip, oňa Ýaşlyk, Mereke obasynyň adyny üýtgedip, oňa Abadanlyk, Işanoba obasynyň adyny üýtgedip, oňa Täze zaman adyny;
3) Görogly etrabynyň:
Balyş Öwezow adyndaky geňeşliginiň Işmaltapan obasynyň adyny üýtgedip, oňa Çoşşy Arazgylyjow adyndaky, Kepderhana obasynyň adyny üýtgedip, oňa Döwletli adyny;
Durdy Gylyç adyndaky geňeşliginiň Bişçykar obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bäşjykyr adyny;
Zaman geňeşliginiň Biweten obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bagtyýarlyk adyny;
4) Gubadag etrabynyň:
Abadanlyk geňeşliginiň Çagat obasynyň adyny üýtgedip, oňa Agzybirlik adyny;
Amyderýa geňeşliginiň Basuw obasynyň adyny üýtgedip, oňa Rowaçlyk adyny;
Baýdak geňeşliginiň Gultakly obasynyň adyny üýtgedip, oňa Berkararlyk adyny;
5) Köneürgenç etrabynyň:
Pagtaçy geňeşliginiň Maýlyözek obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bagtyýarlyk adyny;
Watan geňeşliginiň Haýwanýol obasynyň adyny üýtgedip, oňa Döwletli adyny;
6) Ruhubelent etrabynyň:
Wasabat geňeşliginiň Diýarbekir obasynyň adyny üýtgedip, oňa Uzboý adyny;
Aşyk Aýdyň geňeşliginiň Agzybirlik obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bagşyly adyny;
Geňeş geňeşliginiň Çardere obasynyň adyny üýtgedip, oňa Çardepe adyny;
Bedirkent geňeşliginiň Was obasynyň adyny üýtgedip, oňa Şagadam adyny;
7) S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň:
Gülüstan geňeşliginiň Ketli obasynyň adyny üýtgedip, oňa Parahat adyny;
Şöhrat geňeşliginiň Gazakaul obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bagtyýarlyk adyny;
Nowbahar geňeşliginiň Zaňňyl obasynyň adyny üýtgedip, oňa Täze ýol, Kigizçi obasynyň adyny üýtgedip, oňa Gülzar adyny dakmaly.
9. Şu obalary degişli ilatly ýerleriň hasabyndan çykarmaly:
1) Akdepe ertabynyň Täzeoba geňeşliginiň Dostluk, Gazakýap, Täzeoba obalaryny;
2) Boldumsaz etrabynyň:
10 ýyl abadanlyk geňeşliginiň Baýjamergen, Bektemir, Gökleň, Dyşky, Uşagan obalaryny;
Rowaçlyk geňeşliginiň Galkynyş obasyny;
3) Görogly etrabynyň:
Annagylyç Ataýew adyndaky geňeşliginiň Arabaçy obasyny;
Balyş Öwezow adyndaky geňeşliginiň Jykyrçy, Ýüzbaşy obalaryny;
Magtymguly adyndaky geňeşliginiň Sazakly obasyny;
S.Nyýazow adyndaky geňeşliginiň Gyzylgum, Mirapgala obalaryny;
Türkmenýoly geňeşliginiň Akderek, Gyrbaba, Polasoltan obalaryny;
Ýagtylyk geňeşliginiň Hojakümmet obasyny;
4) Gubadag etrabynyň:
Gökçäge geňeşliginiň Döwgala obasyny;
Ýaşlyk geňeşliginiň Daşerez obasyny;
5) Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň:
Altyn toprak geňeşliginiň Hazarasp obasyny;
Nurmuhammet Andalyp adyndaky geňeşligiň Garamergen, Depmeçi obalaryny;
Ak altyn geňeşliginiň Sapaly, Esrikgara,Kazy obalaryny;
6) Köneürgenç etrabynyň:
Abadan geňeşliginiň Göksuw obasyny;
Akgala geňeşliginiň Jelaýyr obasyny;
7) Ruhubelent etrabynyň:
Oguzboýy geňeşliginiň Bugdaýly, Garaşsyzlyk obalaryny;
Tünüderýa geňeşliginiň Altyn asyr, Döwletli, Gaýratly, Taýgyr, Täzeýer obalaryny;
8) S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň:
Asudalyk geňeşliginiň Gowdaşa obasyny;
Şatlyk geňeşliginiň Azatlyk obasyny;
10. Şu geňeşlikleri ýatyrmaly we dolandyryş-çäk düzümleriniň hasabyndan çykarmaly:
1) Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Atamyrat aga geňeşligini;
2) Köneürgenç etrabynyň Akgum geňeşligini;
3) Ruhubelent etrabynyň Şähribossan, Şasenem, Oguzboýy geňeşliklerini;
4) Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Ruhubelent geňeşligini.
11. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna şu karardan gelip çykýan degişli üýtgetmeleri girizmeli.
12. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti Daşoguz welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde Daşoguz welaýatynyň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.
13. Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birliklerine degişli üýtgetmeleri girizmek bilen baglylykda degişli halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny olaryň saýlanan wagtynda kanunlarda bellenen möhletiň dowamynda saklap galmaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 13-nji iýuny.
№ 406-V.