Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk meseleleri hakynda

 

 

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

 

 

 

Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk meseleleri

hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 109-njy madda)

 

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň şäherlerinde, şäherçelerinde we obalarynda durmuş-ykdysady infrastrukturany mundan beýläk hem ösdürmek boýunça amala aşyrylýan syýasatyň netijesinde halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmek üçin giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. 

Döwletimizde durmuşa geçirilýän dolandyryş-çäk özgertmeleriniň çäginde Lebap welaýatynyň ilatly ýerlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de welaýatyň dolandyryş-çäk gurluşyny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, ýaşaýyş jaýlaryny we dürli maksatly binalary we desgalary häzirki zamanyň talaplaryna görä ýerleşdirmek maksady bilen hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda   Türkmenistanyň Mejlisi  

k a r a r e d ý ä r :

1. Lebap welaýatynda:

1) Şu kararyň 1-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda:

Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabyň ýerlerinden 7405 ga ýeri Döwletli etrabynyň dolandyryş çägine;

Döwletli etrabynyň ýerlerinden 3690 ga ýeri Hojambaz etrabynyň dolandyryş çägine;

Garabekewül etrabynyň ýerlerinden 4270 ga ýeri Halaç etrabynyň dolandyryş çägine;

2) Şu kararyň 2-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda:

Garaşsyzlyk etrabynyň ýerlerinden 157780 ga, Serdarabat etrabynyň ýerlerinden 22000 ga ýeri Galkynyş etrabynyň dolandyryş çägine;

Garaşsyzlyk etrabynyň ýerlerinden 6220 ga ýeri Seýdi şäheriniň dolandyryş çägine;

Galkynyş etrabynyň ýerlerinden 107000 ga, Serdarabat etrabynyň ýerlerinden 53134 ga ýeri Garaşsyzlyk etrabynyň dolandyryş çägine;

3) Şu kararyň 3-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda:

Serdarabat etrabynyň ýerlerinden 7961 ga ýeri Türkmenabat şäheriniň dolandyryş çägine, 1000 ga ýeri Sakar etrabynyň dolandyryş çägine geçirmeli.

2. Şu şäherçelere etrapdaky şäher derejesini bermeli:

1) Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabyň Dostluk şäherçesine; 

2) Birata etrabynyň Birata şäherçesine;

3) Farap etrabynyň Farap şäherçesine;

4) Galkynyş etrabynyň Galkynyş şäherçesine;

5) Garabekewül etrabynyň Garabekewül şäherçesine;

6) Halaç etrabynyň Halaç şäherçesine;

7) Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäherçesine;

8) Köýtendag etrabynyň Köýtendag şäherçesine;

9) Sakar etrabynyň Sakar şäherçesine;

10) Saýat etrabynyň Saýat şäherçesine. 

3. Şu obalara şäherçe derejesini bermeli:

1) Atamyrat etrabynyň Astanababa geňeşliginiň Astanababa obasyna;

2) Garabekewül etrabynyň Yslam geňeşliginiň Yslam obasyna;

3) Garaşsyzlyk etrabynyň Asuda geňeşliginiň Jeýhun obasyna;

4) Halaç etrabynyň Çohpetde geňeşliginiň Çohpetde obasyna;

5) Hojambaz etrabynyň Beşir geňeşliginiň Beşir obasyna;

6) Sakar etrabynyň Çaltut geňeşliginiň Çaltut obasyna;

7) Serdarabat etrabynyň Kiştiwan geňeşliginiň Kiştiwan obasyna.

4. Garaşsyzlyk etrabynyň Jeýhun şäherçesiniň adyny üýtgedip, oňa Asuda adyny dakmaly.

5. Garabekewül etrabynyň çäginde döredilen täze ilatly ýere oba derejesini bermeli we oňa Berkarar zaman adyny dakmaly, bu obany Zelili adyndaky geňeşligiň düzümine goşmaly hem-de Berkarar zaman obasyny Zelili adyndaky geňeşligiň edara ediş merkezi edip bellemeli. 

6. Şu ilatly ýerleri ýanaşyk ýerleşýän degişli ilatly ýerlere birleşdirmeli:

1) Atamyrat etrabynyň Atamyrat şäheriniň dolandyryş tabynlygyndaky Ýeketut obasyny Atamyrat şäherine;

2) Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabyň Dostluk şäheriniň dolandyryş tabynlygyndaky Azatlyk, Gurluşykçylar şäherjigi obalaryny Dostluk şäherine; 

3) Birata etrabynyň Birata şäheriniň dolandyryş tabynlygyndaky Darganata obasyny Birata şäherine, Gazojak şäheriniň dolandyryş tabynlygyndaky Şyharyk obasyny Gazojak şäherine, Çarwadar geňeşliginiň Gazagoba obasyny Çarwadar obasyna, Lebap geňeşliginiň Başsaka obasyny Krançoba obasyna; 

4) Döwletli etrabynyň Ýylangyz geňeşliginiň Bataş obasyny Döwletli şäherçesine, Berkararlyk geňeşliginiň Altyn ýol, Garaşsyzlyk, Ýalkym obalaryny Berkararlyk obasyna; 

5) Farap etrabynyň Jendi geňeşliginiň Joşgun, Tolkun obalaryny Farap şäherine, Hanoba geňeşliginiň Gyzylja obasyny Goýgala obasyna, Kyraç geňeşliginiň Gumkent obasyny Kyraç obasyna;

6) Galkynyş etrabynyň Azatlyk geňeşliginiň Medeniýet obasyny Galkynyş şäherine, Döwletabat geňeşliginiň Adak obasyny Watan obasyna, Maý geňeşliginiň Menjere obasyny Maý obasyna;

7) Garabekewül etrabynyň Akgala geňeşliginiň Ýeňiş obasyny Akgala obasyna, Guraýyş geňeşliginiň Täzedurmuş obasyny Garabekewül şäherine; 

8) Garaşsyzlyk etrabynyň Asuda geňeşliginiň Arakyýap obasyny Nyýazow şäherçesine; 

9) Halaç etrabynyň Halaç geňeşliginiň Halaç obasyny Halaç şäherine, Güneşlik geňeşliginiň Mal semrediş şäherjigi obasyny Güneşlik obasyna;

10) Hojambaz etrabynyň Galkynyş geňeşliginiň Olam, Ýolbaşçy obalaryny Hojambaz şäherine, Beşir geňeşliginiň Gyzylaryk, Selhoztehnika obalaryny Beşir şäherçesine, Burdalyk geňeşliginiň Ýabany obasyny Burdalyk obasyna, Gultak geňeşliginiň Gultakoba obasyny Gultak obasyna, Mekan geňeşliginiň Suwçular obasyny Abdal obasyna;

11) Köýtendag etrabynyň Garahowuz geňeşliginiň Garahowuz obasynyň Mukry şäherçesi bilen birigen bölegini Mukry şäherçesine; 

12) Sakar etrabynyň Garamahmyt geňeşliginiň Hojalykaryk, Hojainebeg geňeşliginiň Garamahmyt obalaryny Sakar şäherine, Jeňňel geňeşliginiň Täzeusul obasyny Bereketli obasyna; 

13) Saýat etrabynyň Katretdin şäherçesini Saýat şäherine;

14) Serdarabat etrabynyň Balta Myradow adyndaky geňeşliginiň Nurulla Açylow adyndaky obasyny Hojagala şäherçesine, Nobat Gutlyýew adyndaky geňeşliginiň Gazagawul obasyny Magtymguly obasyna, Talhanbazar geňeşliginiň Talhanbazar obasyny Türkmenabat şäherine. 

7. Şu ilatly ýerleri degişli şäherleriň, şäherçeleriň dolandyryş tabynlygyna geçirmeli:

1) Atamyrat etrabynyň Astanababa geňeşliginiň Botaýer, Gabşal, Sopyýer obalaryny Astanababa şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna; 

2) Döwletli etrabynyň Ýylangyz geňeşliginiň Aşgabat obasyny Döwletli şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna;

3) Garabekewül etrabynyň Yslam geňeşliginiň Gumakly, Soltanjeňňel obalaryny Yslam şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna;

4) Garaşsyzlyk etrabynyň Asuda geňeşliginiň Çandyroba, Erdel, Kiçiaryk obalaryny Asuda şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna;

5) Halaç etrabynyň Çohpetde geňeşliginiň Bagşyly, Jeňňel, Okçandyr, Täzemekan obalaryny Çohpetde şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna;

6) Hojambaz etrabynyň Beşir geňeşliginiň Boraşly, Gabyrdy, Garaja, Güneş, Ýokarkyşor obalaryny Beşir şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna;

7) Köýtendag etrabynyň Ters geňeşliginiň Hojak obasyny Garlyk şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna;

8) Sakar etrabynyň Çaltut geňeşliginiň Görelde obasyny Çaltut şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna;

9) Serdarabat etrabynyň Kiştiwan geňeşliginiň Garagum, Garaguş, Gatyaryk, Ikinji Çärjew, Keltemarküş, Mekan, Nebitçi, Ussaçy obalaryny  Kiştiwan şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna.

8. Şu şäherçäni, geňeşligi we obalary degişlilikde bir etrapdan beýleki  etrabyň düzümine geçirmeli:

1) Magdanly şäheriniň Gurşun magdan käni şäherçesini Köýtendag etrabynyň düzümine;

2) Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabyň Garagum geňeşligini Döwletli etrabynyň düzümine; 

3) Halaç etrabynyň Jeýhun geňeşliginiň Gülüstan obasyny Atamyrat etrabynyň Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy adyndaky şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna;

4) Serdarabat etrabynyň Sarykbala geňeşliginiň Garaşsyzlyk obasyny Garaşsyzlyk etrabynyň Berzeň geňeşliginiň düzümine.

9. Şu obalary degişlilikde bir geňeşlikden beýleki geňeşligiň düzümine geçirmeli:

1) Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabyň Ýylgynagyz geňeşliginiň Ýylgynagyz obasyny Türkmenistan geňeşliginiň düzümine;

 

2) Döwletli etrabynyň Hojahaýran geňeşliginiň Miras obasyny, Garagum geňeşliginiň Garagum obasyny Abadan geňeşliginiň, Watan geňeşliginiň Watan obasyny Täzedurmuş geňeşliginiň düzümine;

3) Farap etrabynyň Täzeoba geňeşliginiň Amyderýa, Azatlyk, Bakyjan, Bereket, Dostluk, Watan obalaryny Jendi geňeşliginiň düzümine;

4) Garabekewül etrabynyň Guraýyş geňeşliginiň Şaglar obasyny Baý geňeşliginiň düzümine; 

5) Köýtendag etrabynyň Akgumolam geňeşliginiň Hojeýpil obasyny Köýten geňeşliginiň düzümine;

6) Saýat etrabynyň Katretdin şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyndaky Guşçulyk obasyny Mülk geňeşliginiň düzümine; 

7) Serdarabat etrabynyň Kiştiwan geňeşliginiň Adak obasyny, Nobat Gutlyýew adyndaky geňeşliginiň Petdeli obasyny Boýrabap geňeşliginiň düzümine, Zergär geňeşliginiň Ýalkym obasyny Gularyk geňeşliginiň düzümine.

10. Şu geňeşlikleriň we obalaryň adyny üýtgetmeli:

1) Döwletli etrabynyň Abadan geňeşliginiň adyny üýtgedip, oňa Miras adyny dakmaly;

2) Serdarabat etrabynyň Gularyk geňeşliginiň adyny üýtgedip, oňa Kölaryk adyny dakmaly;

3) Atamyrat etrabynyň Gyzylaýak geňeşliginiň Mirnyý obasynyň adyny üýtgedip, oňa Parahat adyny dakmaly;

4) Döwletli etrabynyň Hojahaýran geňeşliginiň Gyzguduk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Gyzguýy adyny dakmaly;

5) Serdarabat etrabynyň Kiştiwan şäherçesiniň Garaguş obasynyň adyny üýtgedip, oňa Parahatçylyk, Gatyaryk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Miras, Keltemarküş obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bagtyýarlyk, Amyderýa geňeşliginiň Ölmezek obasynyň adyny üýtgedip, oňa Hydyrili, Balta Myradow adyndaky geňeşliginiň Älemgoşar obasynyň adyny üýtgedip, oňa Hojamekan, Kölaryk geňeşliginiň Gularyk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Kölaryk adyny dakmaly.

11. Şu geňeşlikleriň edara ediş merkezlerini başga ilatly ýere geçirmeli: 

1) Atamyrat etrabynyň Daşlyk geňeşliginiň edara ediş merkezini Lebap obasyna;

2) Döwletli etrabynyň Abadan geňeşliginiň edara ediş merkezini Miras obasyna;

 

3) Garabekewül etrabynyň Akgala geňeşliginiň edara ediş merkezini Akgala obasyna;

4) Halaç etrabynyň Halaç geňeşliginiň edara ediş merkezini Halaç şäherine;

5) Hojambaz etrabynyň Galkynyş geňeşliginiň edara ediş merkezini Hojambaz şäherine, Surhy geňeşliginiň edara ediş merkezini Sabynly obasyna;

6) Köýtendag etrabynyň Garnas geňeşliginiň edara ediş merkezini Dostluk obasyna;

7) Serdarabat etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň edara ediş merkezini Gaýmakçy, Talhanbazar geňeşliginiň edara ediş merkezini Pagtaçy obasyna;

8) Seýdi şäheriniň Gabakly geňeşliginiň edara ediş merkezini Gabakly obasyna.

12. Şu şäherçäni we obalary degişli ilatly ýerleriň hasabyndan çykarmaly:

1) Atamyrat etrabynyň Atamyrat şäheriniň dolandyryş tabynlygyndaky Ýeketut, Astanababa geňeşliginiň Astanababa obalaryny;

2) Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabyň Dostluk şäheriniň dolandyryş tabynlygyndaky Azatlyk, Gurluşykçylar şäherjigi, Serdar geňeşliginiň Ärsarybaba obalaryny;

3) Birata etrabynyň Birata şäheriniň dolandyryş tabynlygyndaky Darganata, Gazojak şäheriniň dolandyryş tabynlygyndaky Şyharyk, Çarwadar geňeşliginiň Gazagoba, Lebap geňeşliginiň Başsaka obalaryny;

4) Döwletli etrabynyň Abadan geňeşliginiň Abadan, Berkararlyk geňeşliginiň Altyn ýol, Garaşsyzlyk, Ýalkym, Tallymerjen geňeşliginiň Jeýhun, Watan geňeşliginiň Türkmenistan, Ýylangyz geňeşliginiň Bataş, Ýaşlyk  obalaryny;

5) Farap etrabynyň Hanoba geňeşliginiň Gyzylja, Jendi geňeşliginiň Amyderýa, Azatlyk, Bakyjan, Bereket, Dostluk, Joşgun, Tolkun, Watan, Kyraç geňeşliginiň Gumkent obalaryny;

6) Galkynyş etrabynyň Azatlyk geňeşliginiň Medeniýet, Döwletabat geňeşliginiň Adak, Maý geňeşliginiň Menjere obalaryny; 

7) Garabekewül etrabynyň Akgala geňeşliginiň Ýeňiş, Guraýyş geňeşliginiň Täzedurmuş, Yslam geňeşliginiň Yslam obalaryny;

8) Garaşsyzlyk etrabynyň Asuda geňeşliginiň Asuda, Arakyýap,  Berzeň geňeşliginiň Buýançy obalaryny; 

9) Halaç etrabynyň Çohpetde geňeşliginiň Çohpetde, Güneşlik geňeşliginiň Mal semrediş şäherjigi, Halaç geňeşliginiň Halaç obalaryny;

10) Hojambaz etrabynyň Beşir geňeşliginiň Beşir, Gyzylaryk, Selhoztehnika, Galkynyş geňeşliginiň Olam, Ýolbaşçy, Gultak geňeşliginiň Gultakoba, Mekan geňeşliginiň Suwçular obalaryny;

11) Köýtendag etrabynyň Kelif şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyndaky Jargüzer, Garahowuz geňeşliginiň Akdaş obalaryny;

12) Sakar etrabynyň Çaltut geňeşliginiň Çaltut, Garamahmyt geňeşliginiň Hojalygaryk, Hojainebeg geňeşliginiň Garamahmyt, Jeňňel geňeşliginiň Täzeusul obalaryny;

13) Saýat etrabynyň Katretdin şäherçesini, Çekiç geňeşliginiň Şatlyk obasyny;

14) Serdarabat etrabynyň Balta Myradow adyndaky geňeşliginiň Nurulla Açylow adyndaky, Kiştiwan geňeşliginiň Kiştiwan, Nobat Gutlyýew adyndaky geňeşliginiň Gazagawul, Talhanbazar geňeşliginiň Talhanbazar obalaryny.

13. Şu geňeşlikleri ýatyrmaly we dolandyryş-çäk düzümleriniň hasabyndan çykarmaly:

1) Atamyrat etrabynyň Astanababa geňeşligini;

2) Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabyň Ýylgynagyz geňeşligini;

3) Döwletli etrabynyň Garagum, Watan, Ýylangyz geňeşliklerini;

4) Farap etrabynyň Täzeoba geňeşligini;

5) Garabekewül etrabynyň Guraýyş, Yslam geňeşliklerini;

6) Garaşsyzlyk etrabynyň Asuda geňeşligini;

7) Halaç etrabynyň Çohpetde geňeşligini;

8) Hojambaz etrabynyň Beşir geňeşligini;

9) Sakar etrabynyň Çaltut geňeşligini;

10) Serdarabat etrabynyň Kiştiwan geňeşligini.

14. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli. (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 36-njy madda).

15. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti Lebap welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde Lebap welaýatynyň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

 

16. Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birliklerine degişli üýtgetmeleri girizmek bilen baglylykda degişli halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny olaryň saýlanan wagtynda kanunlarda bellenen möhletiň dowamynda saklap galmaly.

 

 

Türkmenistanyň 

Mejlisiniň Başlygy                                             A.Nurberdiýewa

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 7-nji iýuly.

№ 425-V.