Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine Oguz hanyň adyny dakmak hakynda

 

 

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

 

 

 

Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine

Oguz hanyň adyny dakmak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 110-madda)

 

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyna jemgyýetiň, onuň her bir nesliniň ruhy binasynyň esasy hökmünde garaýar. Täze taryhy döwürde ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň, olarda öwredilýän hünärleriň hem-de kabul edilýän talyplaryň sany ýylyň-ýylyna yzygiderli artdyrylýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň mazmuny hem-de düzümi boýunça ylmy tehnologiýalar babatda ýokary derejä ýetirilmegi, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin döredilýän şertler bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, milli hem-de dünýä tejribesine esaslanýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda häzirki döwürde ýurdumyzda döredilen ylmy-tehniki mümkinçilikleriň, düýpli hem-de amaly barlaglaryň peýdalanylyşynyň netijeliliginiň artdyrylmagy, dünýäniň ylym we bilim merkezleri bilen özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi ylym-bilim babatda döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Türkmenleriň nesilbaşysy Oguz han atamyzyň beýik mekdebinden gözbaş alyp gaýdýan meşhur alymlarymyzyň, şahyrlarymyzyň döredijilik ussahanasynda taplanyp, kämillige ýeten we nesillere miras galan milli ylym, bilim we çeper mirasymyz bu gün halkymyza hyzmat edýär.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda şöhratly pederlerimize sarpa goýmak, beýik şahsyýetleriň atlaryny ebedileşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesli buýsançly taryhymyzda ady äleme dolan Oguz hanyň nusgalyk keşbiniň ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmek, ylmy dünýägaraýşyny we intellektual derejesini ösdürmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklibini nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasyna, «Döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna, geografik we beýleki obýektlere at dakmagyň we olaryň adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi              

k a r a r  e d ý ä r :

 

1. Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine Oguz hanyň adyny dakmaly we ony mundan beýläk «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti» diýip atlandyrmaly.

 

2. Şu karar gol çekilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy                                             A.Nurberdiýewa

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 15-nji iýuly.

№ 426-V.