Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Mary welaýatynyň dolandyryş-çäk meseleleri hakynda

 

 

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

 

 

 

Mary welaýatynyň dolandyryş-çäk meseleleri

hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 112-madda)

 

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň şäherlerinde, şäherçelerinde we obalarynda durmuş-ykdysady infrastrukturany mundan beýläk hem ösdürmek boýunça amala aşyrylýan syýasatyň netijesinde halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmek üçin giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. 

Döwletimizde durmuşa geçirilýän dolandyryş-çäk özgertmeleriniň çäginde Mary welaýatynyň ilatly ýerlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak   hem-de welaýatyň dolandyryş-çäk gurluşyny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, ýaşaýyş jaýlaryny hem-de dürli maksatly binalary we desgalary häzirki zamanyň talaplaryna görä ýerleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi  

k a r a r  e d ý ä r :

1. Mary welaýatynda:

1) Şu kararyň 1-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda:

Baýramaly etrabynyň ýerlerinden 29194 ga ýeri Garagum etrabynyň dolandyryş çägine; 

Mary etrabynyň ýerlerinden 136706 ga ýeri, Wekilbazar etrabynyň ýerlerinden 74250 ga ýeri, Sakarçäge etrabynyň ýerlerinden 102745 ga ýeri, Baýramaly etrabynyň ýerlerinden 129246 ga ýeri Türkmengala etrabynyň dolandyryş çägine; 

Mary etrabynyň ýerlerinden 166941 ga ýeri, Wekilbazar etrabynyň ýerlerinden 62936 ga ýeri, Baýramaly etrabynyň ýerlerinden 117658 ga ýeri, Türkmengala etrabynyň ýerlerinden 11500 ga ýeri, Sakarçäge etrabynyň ýerlerinden 165956 ga ýeri, Serhetabat etrabynyň ýerlerinden 190122 ga ýeri Tagtabazar etrabynyň dolandyryş çägine;

 

Wekilbazar etrabynyň ýerlerinden 207857 ga ýeri Mary etrabynyň dolandyryş çägine;

Mary etrabynyň ýerlerinden 24430 ga ýeri Wekilbazar etrabynyň dolandyryş çägine;

Mary etrabynyň ýerlerinden 45861 ga ýeri, Wekilbazar etrabynyň ýerlerinden 43263 ga ýeri, Murgap etrabynyň ýerlerinden 23235 ga ýeri, Altyn sähra etrabynyň ýerlerinden 45558 ga ýeri Oguzhan etrabynyň dolandyryş çägine;

Serhetabat etrabynyň ýerlerinden 488591 ga ýeri Ýolöten etrabynyň dolandyryş çägine geçirmeli;

2) Şu kararyň 2-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda:

Mary etrabynyň ýerlerinden 2266 ga ýeri, Wekilbazar etrabynyň ýerlerinden 2325 ga ýeri Mary şäheriniň dolandyryş çägine geçirmeli;

3) Şu kararyň 3-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda:

Baýramaly etrabynyň ýerlerinden 830 ga ýeri Baýramaly şäheriniň dolandyryş çägine geçirmeli.

2. Şu şäherçelere etrapdaky şäher derejesini bermeli:

1) Murgap etrabynyň Murgap şäherçesine; 

2) Sakarçäge etrabynyň Sakarçäge şäherçesine;

3) Türkmengala etrabynyň Türkmengala şäherçesine.

3. Baýramaly etrabynyň Mekan geňeşliginiň Mekan obasyna, Garagum etrabynyň Ýagtyýol geňeşliginiň Ýagtyýol obasyna şäherçe derejesini bermeli.

4. Oguzhan etrabynyň çäginde döredilen täze ilatly ýere şäherçe derejesini bermeli we oňa Döwletli zaman adyny dakmaly.

5. Şu ilatly ýerleri ýanaşyk ýerleşýän ilatly ýerlere birleşdirmeli:

1) Baýramaly etrabynyň Balçylyk geňeşliginiň Balçylyk, Nahalçy obalaryny Baýramaly şäherine;

2) Mary etrabynyň Muhadow adyndaky geňeşliginiň Muhadow adyndaky, Mülkbagşy geňeşliginiň Mülkbagşy, Garagum, Jykyrýer, Kerpiçli, Merjenliperreň obalaryny Mary şäherine;

3) Wekilbazar etrabynyň Gökje geňeşliginiň Gökje, Perreňçäge, Pökgen obalaryny Mary şäherine;

4) Murgap etrabynyň Azatlyk geňeşliginiň Turatoba obasyny Murgap şäherine; 

5) Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginiň Hajysopy obasyny Sakarçäge şäherine; 

6) Türkmengala etrabynyň Berkarar geňeşliginiň Daýhan, Jarly, Gatlaly geňeşliginiň Şaýlydepe obalaryny Türkmengala şäherine; 

7) Mary etrabynyň Ak altyn geňeşliginiň Jar obasyny Peşanaly geňeşliginiň Peşanaly obasyna, Milli Goşun geňeşliginiň Massur obasyny Mawyteber obasyna; 

8) Sakarçäge etrabynyň Gorgangala geňeşliginiň Ýasman obasyny Çeltek obasyna, Gumgüzer geňeşliginiň Gumgüzer obasyny Garybata obasyna, Görelde geňeşliginiň Pürmetýap obasyny Agar obasyna, Hojadepe geňeşliginiň Zäkir obasyny Çöňür obasyna;

9) Serhetabat etrabynyň Serhetçi geňeşliginiň Serhetli obasyny Serhetçi obasyna;

10) Serhetabat etrabynyň Daşköpri geňeşliginiň Daşköpri bekedi obasyny Daşköpri obasyna;

11) Türkmengala etrabynyň Hasyl geňeşliginiň Iňrik obasyny Hasyl obasyna, Seýitnazar Seýdi adyndaky geňeşliginiň Işeňňir obasyny Ärsary obasyna, Täzedünýä geňeşliginiň Ärsaryoba obasyny Kyrkişik obasyna, Zähmet geňeşliginiň Galkynyş obasyny Zähmet şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyndaky Zähmet bekedi obasyna;

12) Wekilbazar etrabynyň Mollanepes geňeşliginiň Çotan obasyny Gara obasyna;

13) Ýolöten etrabynyň Agzybirlik geňeşliginiň Bäşýyllyk obasyny Gulja obasyna.

6. Mary şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şäherçesini Mary etrabynyň düzümine geçirmeli.

7. Serhetabat etrabynyň Daşköpri geňeşligini Tagtabazar etrabynyň, Garaköl, Döwletli geňeşliklerini Ýolöten etrabynyň düzümine geçirmeli.

8. Şu obalary bir geňeşlikden beýleki geňeşligiň düzümine geçirmeli:

1) Baýramaly etrabynyň Agaýusup adyndaky geňeşliginiň Göksuw obasyny Erkana geňeşliginiň, Azat geňeşliginiň Ýylgynly obasyny Ýalkym geňeşliginiň, Azat geňeşliginiň Gutlamgala, Bagt geňeşliginiň Gurbangala, Ýalkym geňeşliginiň Çöpli obalaryny Guşlyoba geňeşliginiň, Mekan geňeşliginiň Depgin, Merw geňeşliginiň Kanal, Şapak geňeşliginiň Odunçy obalaryny Beýikköpri geňeşliginiň düzümine;

2) Garagum etrabynyň Şatlyk geňeşliginiň Atlyýatan obasyny Durnalyýap geňeşliginiň düzümine;

3) Mary etrabynyň Ak altyn geňeşliginiň Jar obasyny Peşanaly geňeşliginiň düzümine;

4) Murgap etrabynyň Gökdepe geňeşliginiň Garaşsyzlyk obasyny Gowşutbent geňeşliginiň düzümine. 

9. Baýramaly etrabynyň Agaýusup adyndaky geňeşliginiň Harsaňly, Mekan geňeşliginiň Garaja obalaryny Mekan şäherçesiniň, Garagum etrabynyň Ýagtyýol geňeşliginiň Garajadepe, Guýruklydepe, Munan obalaryny Ýagtyýol şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna geçirmeli.

10. Şu geňeşlikleri ýatyrmaly we dolandyryş-çäk birlikleriniň hasabyndan çykarmaly:

1) Altyn sähra etrabynyň Altyn sähra, Lälezar, Ruhnama, Türkmenistan geňeşliklerini;

2) Baýramaly etrabynyň Balçylyk, Mekan geňeşliklerini;

3) Garagum etrabynyň Ýagtyýol geňeşligini;

4) Mary etrabynyň Muhadow adyndaky, Mülkbagşy geňeşliklerini;

5) Oguzhan etrabynyň Daghan geňeşligini;

6) Türkmengala etrabynyň Berkarar geňeşligini.

11. Şu şäherçäniň, geňeşlikleriň  we obalaryň adyny üýtgetmeli: 

1) Baýramaly etrabynyň Rawnina şäherçesine Berkarar adyny; 

2) Altyn sähra etrabynyň Altyn asyr geňeşligine we Altyn asyr obasyna Aýhan, Bitaraplyk geňeşligine we Bitaraplyk obasyna Günhan, Garaşsyzlyk geňeşligine we Garaşsyzlyk obasyna Gökhan, Ýaşlyk geňeşligine we Ýaşlyk obasyna Daghan adyny;

3) Baýramaly etrabynyň Bagt geňeşliginiň Çöplidepe-1 obasyna Kenar, Çöplidepe-2 obasyna Çöplidepe, Gatakar geňeşliginiň Türkmenpolk obasyna Türkmen Goşun adyny;

4) Mary etrabynyň G.Atabaýew adyndaky geňeşliginiň Körsagyr obasyna Döwletli, Mukgy Lorsy adyndaky geňeşliginiň Arykkörhaşyrdyk obasyna Mukgy Lorsy adyndaky, Täzegüýç geňeşliginiň Alasakgal obasyna Täzeoba adyny;

5) Murgap etrabynyň Rowaçlyk geňeşliginiň Garantgalygökje obasyna Rowaçlyk adyny;

6) Sakarçäge etrabynyň Agzybir geňeşliginiň Agzyýoluk obasyna Arkadag, Gorgangala geňeşliginiň Çeltek obasyna Bagşy, Görelde geňeşliginiň Agar obasyna Görelde, Gumgüzer geňeşliginiň Gurultaý obasyna Gumgüzer, Gülüstan geňeşliginiň Çuňňul obasyna Gülüstan, Hojadepe geňeşliginiň Çöňür obasyna Hojadepe adyny;

7) Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşliginiň 9-njy Maý obasyna Ýeňiş, Oktýabr obasyna 27-nji oktýabr adyny;

8) Wekilbazar etrabynyň Akgoňur geňeşliginiň Golak obasyna Narlyoba, Gyzylgurama obasyna Ýagtylyk, Goňur geňeşliginiň Ýagyp obasyna Nurana, Täzedurmuş geňeşliginiň Mülkdäli obasyna Döwletli adyny;

9) Ýolöten etrabynyň Ahunbaba geňeşliginiň Şyhoba obasyna Bagtyýarlyk, Agzybirlik geňeşliginiň Gulja obasyna Agzybirlik, Akgüzer geňeşliginiň Ýapagy obasyna Lälezar, Gammarbaba geňeşliginiň Ganlybaş obasyna Gammarýap, Ýokary Suhty geňeşliginiň Gyzylmes obasyna Altyn toprak adyny dakmaly.

12. Şu obalary ilatly ýerleriň hasabyndan çykarmaly:

1) Altyn sähra etrabynyň Altyn sähra geňeşliginiň Altyn sähra, Lälezar geňeşliginiň Lälezar, Ruhnama geňeşliginiň Ruhnama,  Türkmenistan geňeşliginiň Türkmenistan obalaryny;

2) Baýramaly etrabynyň Balçylyk geňeşliginiň Balçylyk, Nahalçy obalaryny, Mekan geňeşliginiň Mekan obasyny;

3) Garagum etrabynyň Ýagtyýol geňeşliginiň Ýagtyýol obasyny;

4) Mary etrabynyň Ak altyn geňeşliginiň Jar, Milli goşun geňeşliginiň Massur, Muhadow adyndaky geňeşliginiň Muhadow adyndaky, Mülkbagşy geňeşliginiň Mülkbagşy, Garagum, Jykyrýer, Kerpiçli, Merjenliperreň obalaryny;

5) Murgap etrabynyň Azatlyk geňeşliginiň Turatoba, Gatyýap geňeşliginiň Amanýap, Gazagoba obalaryny; 

6) Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginiň Hajysopy, Gorgangala geňeşliginiň Ýasman, Gumgüzer geňeşliginiň Gumgüzer, Görelde geňeşliginiň Pürmetýap, Hojadepe geňeşliginiň Zäkir, Sakarçäge geňeşliginiň Külli obalaryny;

7) Serhetabat etrabynyň Serhetçi geňeşliginiň Serhetli, Çemenabat geňeşliginiň Täzeguýy, Galaýmor geňeşliginiň Goýunly, Hopbuk obalaryny;

8) Tagtabazar etrabynyň Daşköpri geňeşliginiň Daşköpri bekedi obasyny;

9) Türkmengala etrabynyň Berkarar geňeşliginiň Daýhan, Jarly, Gatlaly geňeşliginiň Şaýlydepe, Hasyl geňeşliginiň Iňrik, Serdarýap geňeşliginiň Ýaňyguýy, Seýitnazar Seýdi adyndaky geňeşliginiň Işeňňir, Täzedünýä geňeşliginiň Ärsaryoba, Zähmet geňeşliginiň Galkynyş obalaryny;

10) Wekilbazar etrabynyň Gökje geňeşliginiň Gökje, Perreňçäge, Pökgen, Mollanepes geňeşliginiň Çotan obalaryny;

11) Ýolöten etrabynyň Agzybirlik geňeşliginiň Bäşýyllyk, Garaköl geňeşliginiň Jürre obalaryny.

13. Baýramaly etrabynyň dolandyryş merkezini Mekan şäherçesine, Mary etrabynyň dolandyryş merkezini Saparmyrat Türkmenbaşy şäherçesine, Oguzhan etrabynyň dolandyryş merkezini Parahat şäherçesine, Wekilbazar etrabynyň Gökje geňeşliginiň dolandyryş merkezini Arzuw obasyna geçirmeli.

14. Mary welaýatynyň Altyn sähra etrabyny ýatyrmaly hem-de onuň dolandyryş çäginiň ýerlerini we dolandyryş-çäk birliklerini Oguzhan etrabyna geçirmeli.

15. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti Mary welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde degişli dolandyryş çäkleriň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

16. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 36-njy madda).

17. Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birliklerine degişli üýtgetmeleri girizmek bilen baglylykda degişli halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny olaryň saýlanan wagtynda kanunlarda bellenen möhletiň dowamynda saklap galmaly.

 

 

Türkmenistanyň 

Mejlisiniň Başlygy                                             A.Nurberdiýewa

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 1-nji awgusty.

№ 429-V.