Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda döredilen täze ilatly ýere şäherçe derejesini bermek hakynda

 

 

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

 

 

 

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda döredilen

täze ilatly ýere şäherçe derejesini bermek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 135-madda)

 

Ahal welaýatynyň hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimlikleriniň towakganamalaryny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi                     

k a r a r  e d ý ä r :

1. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda döredilen täze ilatly ýere şäherçe derejesini bermeli we oňa «Bereketli zaman» adyny dakmaly hem-de mundan beýläk «Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman şäherçesi» diýip atlandyrmaly.

2. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.

3. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti Ahal welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde degişli dolandyryş çäkleriň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

 

 

Türkmenistanyň 

Mejlisiniň Başlygy                                             A.Nurberdiýewa

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 28-nji sentýabry.

№ 452-V.