Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ
MEJLISINIŇ KARARY
Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda döredilen
täze ilatly ýere şäherçe derejesini bermek we
oňa at dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 4, 141-nji madda)
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde gurlan täze ilatly ýer hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda täze ilatly ýeriň döredilendigini göz öňünde tutup we welaýatyň dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:
1. Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda döredilen täze ilatly ýere şäherçe derejesini bermeli we oňa «Galkynyş» adyny dakmaly hem-de mundan beýläk ony «Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesi» diýip atlandyrmaly.
2. Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Gulmaç geňeşligini ýatyrmaly we onuň Gulmaç, Gamakly, Isgender, Ok, Öýleguşluk obalaryny Galkynyş şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermeli.
3. Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Gulmaç geňeşliginiň Geňeş agzalarynyň ygtyýarlyklaryny olaryň saýlanan wagtynda kanunlarda bellenen möhletiň dowamynda saklap galmaly.
4. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Balkan welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesiniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.
5. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.
Türkmenistanyň
Milli Geňeşiniň
Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa
Aşgabat şäheri.
2022-nji ýylyň 10-njy dekabry.
№ 526 -VI.