Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda

 

 

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

 

 

Girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda

iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 148-madda)

 

«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi         

k a r a r  e d ý ä r :

 

Girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň  arasynda  2016-njy ýylyň  29-njy awgustynda Berlin şäherinde gol çekilen Ylalaşygy tassyklamaly.

 

 

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy                                             A.Nurberdiýewa

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 15-nji oktýabry.

№ 465-V.