Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň
28-nji orta mekdebine Osman Ödäýewiň adyny
dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 168-madda)
Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer syýasatyň netijesinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmak, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny hem-de halkara abraýyny artdyrmak babatda uly goşant goşan, döwlet we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşan, ýaşlary ata Watanymyza söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, mertlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde işjeňlik görkezen adamlaryň bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berilýär. Şeýle hem dürli döwürlerde ýaşap, ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmäge aýratyn uly goşant goşan şahsyýet derejesindäki görnükli döwlet, jemgyýetçilik we döredijilik işgärlerine uly sarpa goýulýar. Olaryň atlaryny ebedileşdirmek barada alada edilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli edebiýatymyzy ösdürmekde, halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklaryny halk köpçüligine wagyz etmekde, döwlet we jemgyýetçilik işlerini alyp barmakda zehinli ýazyjy, publisist Osman Ödäýewiň bitiren hyzmatlary uludyr. Onuň ýiti zehininden dörän ençeme çeper eserlerde halkymyzyň geçmişdäki gahrymançylykly taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary giňden açylyp görkezilýär, türkmen topragynyň ajaýyp döwri, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde gazanylan üstünlikler, halkymyzyň bagtyýar durmuşy wasp edilýär.
Öz Watanyna we halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen merhum Osman Ödäýewiň türkmen edebiýatynyň, medeniýetiniň we sungatynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, şeýle hem Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň Astanababa şäherçesiniň Gabşal obasynyň ýaşaýjylarynyň hem-de etrabyň 28-nji mekdebiniň bilim işgärleriniň, Lebap welaýatynyň häkimliginiň haýyşnamalaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi
k a r a r e d ý ä r :
Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň Astanababa şäherçesiniň Gabşal obasynda ýerleşýän 28-nji orta mekdebe görnükli ýazyjy Osman Ödäýewiň adyny dakmaly we ony «Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň Osman Ödäýew adyndaky 28-nji orta mekdebi» diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 23-nji noýabry.
№ 487-V.