Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda
Hazar deňziniň düýbüni araçäklendirmek hakynda
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň
arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 76-madda)
«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda»Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi
k a r a r e d ý ä r :
2014-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni araçäklendirmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2015-nji ýylyň 23-nji maýy.
№ 242-V.