Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komiteti
Mary şäheriniň Aşgabat köçesiniň Mollanepes köçesi bilen kesişýän çatrygyndan başlap, Aşgabat köçesiniň ugry bilen Murgap derýasyna çenli, şol ýerden Murgap derýasynyň ugry bilen Mary şäheriniň demirgazyk araçägine çenli, şol ýerden Mary şäheriniň demirgazyk araçäginiň ugry bilen Mary — Serhetabat demir ýoluna çenli, şol ýerden Mary — Serhetabat demir ýolunyň ugry bilen şäheriň günorta araçägine çenli, şol ýerden şäheriň günorta araçäginiň ugry bilen Mary — Serhetabat awtomobil ýoluna çenli, şol ýerden Mary — Serhetabat awtomobil ýolunyň ugry bilen Arzuw köçesine çenli, şol ýerden gündogara tarap Bedew köçesine çenli, Bedew köçesiniň ugry bilen Altyn asyr aýlaw ýoluna çenli, şol ýerden Ý.Kulyýew köçesiniň ugry bilen Muhadow köçesine çenli, Muhadow köçesiniň ugry bilen Murgap köçesine çenli, Mur- gap köçesiniň ugry bilen Aşgabat köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.
Merdan Artykowiç Orazmeredow 1985-nji ýylyň 10-njy iýulynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Goňur geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1992 — 1995-nji ýyllarda Wekilbazar etrabyndaky 4-nji orta mekdepde, 1995 — 2001-nji ýyllarda Mary şäherindäki 11-nji orta mekdepde okady.
2001 — 2003-nji ýyllarda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Ýerasty metal goraýyş» dolandyryş edarasynyň Mary bölüminiň birinji derejeli elektromontýory wezipesinde işledi.
2003 — 2007-nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda okap, ony inžener-energetik hünäri boýunça tamamlady.
2007-2008-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2008-nji ýylyň iýul — sentýabr aýlarynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Mary döwlet elektrik stansiýasynyň elektrik sehiniň ikinji derejeli elektromontýory wezipesinde işledi.
2008-2009-njy ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Elektroenergetiki ulgamlar kafedrasynyň uly laboranty, 2009 — 2019-njy ýyllarda şol kafedranyň mugallymy wezipelerinde işledi.
2019-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Sanly elektronika we elektrotehnika kafedrasynyň mugallymy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.