Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komiteti
Baýramaly şäheriniň 11-nji, 12-nji ýaşaýyş jaý toplumlaryndan beýleki ähli çäklerini öz içine alýar.
Orazdurdy Abdyýewiç Abdyýew 1971-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkbükri geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1978 — 1988-nji ýyllarda Wekilbazar etrabyndaky 12-nji orta mekdepde okady.
1988 — 1993-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony taryhçy, taryh mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
1993 — 2011-nji ýyllarda Wekilbazar etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň taryh mugallymy, 2011 — 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy, 2013-2014-nji ýyllarda Wekilbazar etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň taryh mugallymy, 2014-2015-nji ýyllarda Baýramaly etrap bilim bölüminiň işgärler boýunça hünärmeni, 2015-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň işgärler boýunça hünärmeni, 2015 — 2021-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy bolup işledi.
2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy bolup işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty.
2023-nji ýylyň 24-nji aprelinden Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
2022-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.