Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Durmuş syýasaty baradaky komiteti
Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäheriniň, Parahat, Döwletli zaman şäherçeleriniň, Soltanyz, Gülüstan, Gumgüzer, Merdana, Altyn zaman, Ýyldyzhan, Gökhan geňeşlikleriniň hem-de Mary etrabynyň Diýar geňeşliginiň Garainjik obasynyň çäklerini öz içine alýar.
Maksat Çarymyradowiç Janmyradow 1980-nji ýylyň 18-nji iýunynda Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Muhadow ýaşaýyş jaý toplumynda doguldy. Milleti türkmen.
1986 — 1996-njy ýyllarda Mary etrabyndaky 34-nji orta mekdepde okady. 1996-1997-nji ýyllarda Mary şäheriniň 5-nji ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň çeper bezegçilik bölüminde okady.
1997 — 1998-nji ýyllarda Mary şäherinde jaý-bezeg we bejergi işleri bilen meşgullandy.
1998 — 2004-nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik Akademiýasynda okap, ony miniatýur-nakgaşçy hünäri boýunça tamamlady.
2004 — 2005-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2005 — 2006-njy ýyllarda Mary şäher suratkeşler birleşiginde nakgaş, 2006 — 2009-njy ýyllarda Mary şäherinde telekeçi, «Sanjar» myhmanhanasynda kebşirleýji, Mary welaýatynyň öňki Altyn sähra etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik birleşiginde delilnama ýygnaýjy bolup işledi.
2009 — 2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň öňki Altyn sähra etrap geňeşiniň başlygy, Mary welaýat geňeşiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işledi.
2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň V, VI we VII çagyrylyşlarynyňdeputaty. Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.