Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komiteti
Mary etrabynyň Täzegüýç, Adalat, Ajap Mämmedowa adyndaky, Gaýgysyz Atabaýew adyndaky geňeşlikleriniň we Aşgabat geňeşliginiň Ata, Egrigüzer obalarynyň hem-de Mary şäheriniň Mülkburkaz ýaşaýyş jaý toplumynyň çäklerini öz içine alýar.
Bäşim Durdyýewiç Annagurbanow 1964-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ajap Mämmedowa adyndaky obasynda doguldy. Milleti türkmen.
1972 — 1982-nji ýyllarda Mary etrabyndaky 18-nji orta mekdepde okady.
1982 — 1984-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
1984-1985-nji ýyllarda Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işledi.
1985 — 1989-njy ýyllarda Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynda okap, ony ykdysadyýetçi hünäri boýunça tamamlady.
1989 — 1998-nji ýyllarda Mary etrap durmuş taýdan üpjünçilik bölüminiň ýeke oturan garrylara seredýän bölümçesiniň müdiri, uly inspektory, pensiýa we kömek pullaryny töleýän merkeziň başlygy, Mary etrap durmuş taýdan üpjünçilik bölüminiň müdiri, 1998 — 2005-nji ýyllarda Mary welaýat Durmuş taýdan üpjünçilik dolandyryş edarasynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji, başlygy wezipelerinde işledi. 2005 — 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysadyýet we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy, şol komitetiň başlygy wezipelerinde işledi.
2013 — 2017-nji ýyllarda Mary welaýatynyň häkimi wezipesinde işledi.
2017-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy wezipesinde işledi.
2018-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň IV, VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty. Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.
2010-njy ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2014-nji ýylda «Magtymguly Pyragy» medaly, 2015-nji ýylda «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan», 2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna», 2020-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna», 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.