Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komiteti
Wekilbazar etrabynyň Egrigüzer, Alladurdy Gandymow adyndaky, Çarlakýap, Rysgally geňeşlikleriniň we Jumadurdy Atajanow adyndaky geňeşliginiň Jumadurdy Atajanow adyndaky, Çebişgen, Garajaköw, Haşyrdyk obalarynyň çäklerini öz içine alýar.
Jumamuhammet Hudaýberdiýewiç Şirmämmedow 1970-nji ýylyň 23-nji aprelinde Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkbükri geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1977 — 1987-nji ýyllarda Wekilbazar etrabyndaky 12-nji orta mekdepde okady.
1988-1989-njy ýyllarda harby gullukda boldy.
1987 — 1993-nji ýyllarda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okap, ony geografiýa-biologiýa mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
1993 — 2012-nji ýyllarda Wekilbazar etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy, 2012 — 2022-nji ýyllarda Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, okuw işleri boýunça orunbasary wezipelerinde işledi.
2022 — 2023-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiri bolup işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.