Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Kada-kanunçylyk baradaky komiteti
Wekilbazar etrabynyň Wekilbazar şäherçesiniň, Halyl, Mülkbükri, Mollanepes adyndaky, Täzedurmuş, Mülkýusup geňeşlikleriniň we Mary-2 harby şäherçesiniň, Jumadurdy Atajanow adyndaky geňeşliginiň Işçi obasynyň çäklerini öz içine alýar.
Atamyrat Agamyradowiç Kössekow 1987-nji ýylyň 21-nji iýulynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Saparmyrat Türkmenbaşy şäherçesinde doguldy. Milleti türkmen.
1994 — 2003-nji ýyllarda Mary şäherindäki 12-nji orta mekdepde okady.
2003 — 2005-nji ýyllarda Mary şäherindäki 1-nji hünärment mekdebinde okap, ony derňew-ölçeg, buraw gurallaryny abatlaýyş ussasy hünäri boýunça tamamlady.
2005 — 2007-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2007 — 2013-nji ýyllarda Mary döwlet elektrik stansiýasynyň ýylylyk awtomatika we ölçegler sehiniň birinji, ýokary derejeli slesary wezipelerinde işledi.
2013 — 2017-nji ýyllarda Ukrainanyň Wladimir Dal adyndaky Gündogar ukrain milli uniwersitetinde gaýybana okap, ony ykdysadyýetçi hünäri boýunça tamamlady.
2013-2014-nji ýyllarda Mary welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň işgärler boýunça hünärmeni, söwda bölüminiň esasy hünärmeni, bazarlar bölüminiň esasy hünärmeni, başlygynyň kömekçisi, 2014-nji ýylyň iýun — awgust aýlarynda Mary lomaý söwda bazasynyň başlygynyň orunbasary, 2014-2015-nji ýyllarda Baýramaly şäher önümçilik kärhanasynyň direktorynyň orunbasary, 2015-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Baýramaly şäher önümçilik kärhanasynyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji, direktorynyň orunbasary wezipelerinde işledi.
2016 — 2018-nji ýyllarda Mary welaýatynyň köpugurly sport toplumynyň hojalyk müdiri, direktorynyň orunbasary wezipelerinde işledi. 2018-2019-njy ýyllarda Mary welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň direktorynyň orunbasary, Mary şäheriniň «Bagtyýarlyk» sport desgasynyň direktory bolup işledi. 2019-2020-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň bedenterbiýe we sport baradaky bölüminiň başlygy, Mary etrabynyň «Mary» sport desgasynyň direktory bolup işledi.
2020—2023-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň pensiýa gaznasy bölüminiň pensiýalar bölümçesiniň hünärmeni wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň 24-nji maýyndan bäri Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Pensiýa gaznasynyň bölüminiň pensiýalar bölümçesiniň başlygy bolup işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.