Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Kada-kanunçylyk baradaky komiteti
Sakarçäge etrabynyň Sakarçäge şäheriniň, Gyzylgum geňeşliginiň Mawyteber, Böri, D.Sähedow adyndaky obalarynyň, Hojadepe, Akýap geňeşlikleriniň hem-de Mary etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň 8-nji mart obasynyň çäklerini öz içine alýar.
Tirkişmyrat Amanmuhammedowiç Ýomudow 1996-njy ýylyň 11-nji fewralynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Gyzylgum geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
2003 — 2013-nji ýyllarda Sakarçäge etrabyndaky 12-nji orta mekdepde okady.
2014 — 2019-njy ýyllarda Türkmen Döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda okap, ony inžener-mehanik hünäri boýunça tamamlady.
2019 — 2022-nji ýyllarda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň işgärler we hukuk işi bölüminiň hünärmeni, ulanyş bölüminiň nobatçy-dispetçeri wezipelerinde işledi.
2022-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 6-njy şahamçasynyň topar ýolbaşçysy wezipesinde işledi.
2022-2023-nji ýyllarda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 6-njy şahamçasynyň iş öndürijisi wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri −«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 31-nji şahamçasynyň Mary stansiýasynyň 66-njy razýezdiniň demir ýol boýunça nobatçysy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, bir çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.