Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ykdysady meseleler baradaky komiteti
Sakarçäge etrabynyň Gorgangala, Daýhan, Garaýap, Agzybir, Görelde, Söýünsary geňeşlikleriniň hem-de Mary etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň Gowkyzereň obasynyň çäklerini öz içine alýar.
Süleýman Muhammetamanowiç Nurymow 1992-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1999 — 2009-njy ýyllarda Sakarçäge etrabyndaky 10-njy orta mekdepde okady.
2009 — 2014-nji ýyllarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda okap, ony inžener-gurluşykçy hünäri boýunça tamamlady.
2014 — 2015-nji ýyllarda Mary welaýat Gara ýollary ulanyş müdirliginiň 9-njy ýol ulanyş bölüminiň ýol ussasy bolup işledi.
2015 — 2017-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Awtomobil ýollaryny ulanyş müdirliginde Mary etrap ýol bölüminde ýol ussasy bolup işledi.
2018-nji ýylyň mart – aprel aýlarynda Mary şäher Jemagat abatlaýyş gurluşyk müdirliginde ussa bolup işledi.
2018-2019-njy ýyllarda Mary şäheriniň Ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginiň 5-nji öý bölüminiň ussasy bolup işledi.
2019-2024-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Mary şäher Ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginiň 5-nji öý bölüminiň uly ussasy wezipesinde işledi.
2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Mary şäheriniň Ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginiň 4-nji öý bölüminiň başlygy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.