Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Durmuş syýasaty baradaky komiteti
Sakarçäge etrabynyň Bereket, Keseýap, Çaşgyn, Çerkezköl, Sakarçäge geňeşlikleriniň we Gyzylgum geňeşliginiň Gyzylgum obasynyň çäklerini öz içine alýar.
Atamyrat Ýagmyrowiç Amandurdyýew 1992-nji ýylyň 15-nji aprelinde Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Peşanaly geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1999 — 2009-njy ýyllarda Mary şäherindäki 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde okady.
2009-2010-njy ýyllarda «Sary şöhle» hususy kärhanasynda birinji derejeli betonçy bolup işledi.
2010 — 2016-njy ýyllarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okap, ony bejeriş işiniň lukmany hünäri boýunça tamamlady.
2016-2017-nji ýyllarda Mary welaýat köpugurly hassahanasynyň intern lukmany bolup işledi.
2017-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary etrap hassahanasynyň Ak altyn oba saglyk merkeziniň maşgala lukmany wezipesinde işledi.
2017 — 2019-njy ýyllarda harby gullukda boldy.
2019-njy ýyldan bäri Mary welaýatynyň Mary etrap hassahanasynyň S.Türkmenbaşy şäherçesindäki saglyk merkeziniň maşgala lukmanlar bölüminiň müdiri wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.